Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji we röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli meýilnamanyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Ýaşlaryň durmuşynda we ösüşinde oňyn jemgyýetçilik ähmiýetine eýe bolan bu resminamalar biziň ýurdumyzda ösüp gelýän nesil hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde saklanylýandygyny, onuň ýyldan-ýyllara barha rowaçlanýandygyny we pugtalanýandygyny äşgär edýär.
Berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemekligiň milli ýörelgelerini dowam etdirmäge, ylymly-bilimli, ösen dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk we guramaçylyk taýdan kepillendirilmegini amala aşyrýan bu resminamalar türkmen ýaşlarynyň ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir.
Maksatnamanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň Maşgala kodeksine, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de ýaşlar syýasaty çygryndaky hereket edýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, şeýle hem «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda ýaşlary zähmet bazaryna uýgunlaşdyrmagyň we olaryň iş bilen üpjünçiligini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş ugrunda 2021–2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasyna» hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanylmagy bolsa onuň hukuk binýadynyň pugtalygyny we ýerine ýetirilmeli çärelerde anyk esaslaryň bardygyny görkezýär.
Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine itergi bermekde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp görkezijilerine ýetmekde hem aýratyn ähmiýetli bolan Maksatnama ýaşlaryň halkara gatnaşyklaryndaky ornuny berkidip, dünýäniň syýasy, medeni we ykdysady meselelerine ýaşlaryň gatnaşmagyny hem şertlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde türkmen ýaşlarynyň ähli babatda sowatlylygyny gazanmaga, ylmy döredijiligi ýokarlandyrmaga we oňyn syýasy garaýyşlary çuňlaşdyrmaga hem täsirini ýetirer.
Döwletimiziň we döwrümiziň ýeten mümkinçiliklerine görä degişli çäreleri alyp barmak arkaly ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň täze menzilleri, täze üstünlikleri we ýaşlaryň durmuşynyň täze sahypalary nazarlanýar. Çünki bu maksatnamada bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesillerini watansöýüjilige, zähmetsöýerlige, maksada okgunlylyga, belent ahlaklylygy özlerine görelde edinmeklige gönükdirilendir. Okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr.
Ýaşlary ýokary amatlykly durmuş şertleri bilen üpjün etmäge, zähmete we önümçilige çekmäge, olaryň başlangyçlaryny goldamaga, ruhy beden taýdan kämil şahsyýetler hökmünde ýetişdirmäge gönükdirilen jemgyýetçilik-hukuk, medeni-syýasy ýörelgeleri öz içine alýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň möhüm wezipelerini, ýerine ýetirilmeli çäreleriň has anyk we aýdyň ugurlarynyň kesgitlenmegi bolsa bu Maksatnamanyň ýokary derejede durmuşa geçirilmegini üpjün eder.
Şu nukdaýnazardan hem degişli meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilmeli çäreler boýunça işler ýurdumyzyň ähli pudaklarynda we ulgamlarynda, syýasy partiýalarda, jemgyýetçilik guramalarynda, medeni aň-bilim, okuw terbiýeçilik edaralarynda we önümçilik kärhanalarynda hut ýaşlaryň özleriniň işjeň gatnaşmaklarynda birleşen tagallalar arkaly amala aşyrylyp başlandy. Munuň özi milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň tassyklap beren resminamalarynyň ýaşlar üçin anyk ýoly görkezijidigini we her bir başyny başlan tutumynyň mukaddes ýörelgedigini görkezýär. Milli Liderimiz bolsa «Siz öz üstüňize ýüklenen wezipeleri ak ýürekden berjaý etmek bilen, Berkarar Watanymyzyň günsaýyn ösüşine öz mynasyp goşandyňyzy goşýandygyňyzy unutmaň!» diýmek bilen jemgyýetde hem döwletiň ösüşinde bagtyýar ýaşlarymyzyň ornunyň uludygyny belleýär.
Durdy MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.