Bagtyýarlyk döwrüniň nesillerini geçilen köp asyrlyk taryhy ýoluň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, kämil tehnikalardan, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurtda halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däp-dessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda» hemmetaraplaýyn ösen, halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, belent ahlaklylyk, şeýle hem milli ynsanperwerlilik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil şahsyýeti kemala getirmek möhüm maksatly wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilýär.
Şeýle maksatlary amala aşyrmakda, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýeti kemala getirmekde milli ruhy-ahlak däp-dessurlarymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmen halky ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy milli edep-terbiýäniň gözbaşy hasaplaýarlar. Her bir çaganyň milli däp-dessurlarymyzda jemlenen edep kadalary oňat öwrenmegi we ýerine ýetirmegi onuň arassa ahlakly, ynsanperwer, medeniýetli adam bolup ýetişmegine getirýär.
Watana wepalylyk, ula hormat, kiçä sylag, köpçülik ýerinde medeniýetlilik, il-günüň bilen sypaýyçylyk, adamkärçilik, hoşsözlülik, mylakatlylyk adamyň ruhy-ahlak gözelligini kesgitleýär. Bular adamlar bilen baglanyşykly bolan ähli gatnaşyklara we ähli ýaşdakylara degişlidir. Türkmeniň ganynda, ruhunda, kalbynda beýik bir borç bar: haýsy kärde işleseňem parhy ýok, sen öňi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimize mynasyp adamlar bolup ýetişmegimizdedir. Arkadag Liderimiziň dünýä ýaýýan parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty bolsa şu taryhy hakykatyň döwrebap dowam etdirilmesidir. Halkymyzyň kalbynda ruhy dünýäsini joşdurýan, durmuşa höwes döredýän aňrysy arassa we asylly akabadan gaýdýan halal ata-babalaryna, milletine, diline, dinine, tebigatyna, durmuşyna ruhy-ahlak däp-dessuryna bolan söýgüsi ony bagtly durmuşa, aýdyň geljege, kämillige we ruhubelentlige gönükdirýär. Adam kämillige öz aslyna we ýaşaýşyna akyl ýetirmek bilen ýetýär. Edil şonuň ýaly-da milletiň kämilligi hem özüniň edep-kadalaryny, ruhy-ahlak däp-dessurlaryny düzen ýagdaýynda aýan bolýar.
Türkmen halkynyň ruhy-ahlak terbiýesiniň ýaş nesillere görelde bolarlyk derejede nusgalyk ýoly bar. Her bir zadyň gözbaşynyň, hamyrmaýasynyň bolşy ýaly, ýaş nesilleri edep-terbiýesiniň aňyrsynda ata-babalarymyzyň timarlap, taraşlap biziň döwrümize ýetiren edep-kadalary, ruhy-ahlak däp-dessurlary, göreldesi bardyr. Türkmen halkynyň ýol-ýörelgelerinde watançylyk, ene-atany gadyrlamak, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, wepalylyk we lebzihalallyk ynsany bezeýän ajaýyp ahlak häsiýetleri hökmünde ykrar edilýär. Olaryň iň naýbaşy nusgalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryna hem mahsusdyr. Çünki häzirki wagtda sanly serişdeleriň özleşdirilýän zamanasynda hem milli gymmatlylarymyz arkaly ýaşlara berilýän döwrebap terbiýe ulgamy barha pugtalandyrylýar we onuň netijeliligi gazanylýar.
Merdana halkymyzyň taryhyna ýüzlenenimizde, ahlagyň, edep-terbiýäniň iň göreldeli nusgalarynyň saklanyp galandygyny göz ýetirýärsiň. Ynsany bezeýän şeýle ajaýyp häsiýetleriň, edep-terbiýäniň ajaýyp ruhy gymmatlyga öwrülmeginde ýazyjy-şahyrlarymyzyň, halk döredijilik eserleriniň nusgalarynda saklanyp galmagy hem-de olary edebiýat sapaklarynyň üsti bilen ýaş nesillere öwretmekde uly ähmiýete eýedir. Edebi mirasymyzda türkmeniň milli ruhuny, däp-dessurlaryny ýaşlara wagyz etmekde hem-de olaryň ata-babalarymyzdan miras galan edim-gylymlarymyzy indiki nesillere geçirmekde möhüm gollanma hökmünde halk döredijiligimiz, ýazuwly edebiýatymyz gymmatly hazynadyr.
Häzirki wagtda hem ýaşlara, ýaş nesillere şu terbiýe nusgalary bolan eserleriň üstüni ýetirmekde we olary hasda kämilleşdirmekde häzirki wagtda hem ýazylýan eserleriň ähmiýeti, gymmatlygy uludyr.
Ýusup BABAKULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.