Milli terbiýäniň gözbaşy

Ýaş nesliň terbiýesi jemgyýetçilik işiniň esasy ýörelgesidir. Şonuň üçin hem ýaşlar syýasatynyň esasy maksatlarynda, şol sanda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda» bu ugurlardaky wezipeler esasy maksatlar hökmünde öňe sürülýär. Bu babatda merdana milletimiziň buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň çuňňur terbiýeçilige we pähim-parasata ýugrulan eserleri milli ruhda terbiýelemegiň gymmatly çeşmesi hökmünde ýaşlar bilen alnyp barylýan jemgyýetçilik-terbiýeçilik işlerinde uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz milliligi, merdanalygy, batyrlygy, ynsanperwerligi hemişe öňe sürýär. Şunuň üçin hem bu beýik duýgy her bir türkmeniň kalbynda,  ýüreginde, ruhy dünýäsinde mukaddeslik derejesinde göterilmelidir. Milli buýsanjyň belende göterilen döwründe ata Watanymyz söýgi, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly häsiýetler türkmen  ýaşlarynyň kalbynda  bakylyga öwrülmelidir. Milli Liderimiz bu barada şeýle diýýär: «Hakykatdan hem, biz ata Watanymyzyň bagtly geljegini Türkmenistanyň ösüp gelýän ýaş nesli bilen baglanyşdyrýarys. Biz olary şöhratly ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan däp-dessurlaryny dowam etdirip, Altyn asyrmyzy gurujylar diýip hasap edýäris».

Ýaşlary terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hyzmaty hem örän uludyr. Dana şahyrymyz öz eserleriniň üsti bilen gaýratlylyk, sahawatlylyk, halallyk, päklik, lebzi halallyk, dosta wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri tekrarlaýar.

Şahyryň milli şygyrlary  ynsan durmuşynda uly ruhy güýç bolup durýar. Şygyrlarda öňe sürülýän pikirler, onuň ähmiýeti, netijesi  durmuşda terbiýe ýolyny arçaýar. Ýaşlara çuň bilim we hakyky, asylly, giň gözýetimli  terbiýe bermekde  Magtymgulynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýän adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, oňa estetiki lezzet berýän eserler milli terbiýäniň esaslaryny düzýär. Şahyryň şygyrlarynda durmuş wakalary, dürli hadysalary, adamlaryň özara gatnaşyklary we ahlak kadalary beýan edilýär.

Goja taryhyň asyrlardan düzülen ýolunda türkmen halkynyň ençeme söz ussatlarynyň kerwenbaşysy Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary her bir adamyň kalbynda milli ruhly duýgyny oýarmak bilen, ynsan durmuşyndan söz açyp ruhy tämizligiň garaýyşlaryny kemala getirýär.

Magtymgulynyň şygyrlarynda millilik, milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik sypatlaryny kesgitleýär, ol şu hilli alamatlary many-mazmunda ýüze çykarýar. Mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, tämizlik, kalby päklik, tebigata we onuň janly-jandarlaryna rehimlilik, ula-kiçä ýürekden hormat goýmaklyk, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk, ähli şertde ynsanperwerligini saklamak häsiýetleri öňe sürýär. Şeýdibem milli ruhly düşünjeler, kämil garaýyşlar Magtymgulynyň dürdäneleriniň süňňünde özüniň gadyr-gymmatynyň egsilmezdigini aýan etdi.

Şahyryň döredijiliginde il-günüň abatlygy, abadanlygy, rahatlygy, asudalygy watansöýüjilik ruhunda ýaňlanýar. Olarda gözellik, bagtyýarlyk, ýürege ýol ýasaýan, ýürege ýakymly duýgular jemlenendir.

Pyragynyň şygyrlarynda beýik milletiň baky we dowamly ýaşaýşynda gadymyýetiň ruhy gymmatlyklary, ruhy gözellikleri özüniň manyly sahypasy bilen saklanyp galandyr. Adamzat dünýäsi olary kalbynda, aňynda eşrepi ýaly saklap, şu günlere getirdi we röwşen geljege geçirýär.

Şahyr edermenlik, batyrlyk, gahrymançylyk, erkinlik bilen asylly häsiýetleri bitewileşdirýär. Beýik Pyragynyň parasatly pähimleriniň milli güýjüniň, milli ruhunyň, öwüt-ündewleriniň belent-belent sepgitlerden ençeme menzil aşyp, şu günlere gelip ýetendigine bagtyýar eýýamyň nesilleriniň buýsanjy egsilmezdir. Dana söz bilen emele gelen paýhaslar her bir ynsana özüniň maddy hem ruhy güýjüni eçilýär. Magtymgulynyň sözleriniň gudraty adamzat jemgyýetinde ynsan gatnaşyklarynyň hereketde bolýandygyny, ýaşaýandygyny, dowamat dowamyny, watansöýüjiligiň esasy milli häsiýetdigini  kesgitleýär.

Şahyrana eserlerde agzybirlik, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik hakynda dogruçyllyk bilen şahyrana söhbet edilýär. Hut şoňa görä-de nesilleri milli däplerimiz we ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgesi bilen terbiýelemekde Pyragynyň eserleri  gymmatly hemem juda ygtybarly çeşmedir.

Şahyryň her bir setiri ynsan mertebesini ýokary göterýär. Akyldaryň şygyrlarynyň manysy ýyllar geçdigiçe ýitileşip, asyrlar aşdygyça ahlak kadasynyň aýdymyna öwrülip, ýürekleriň törüne çuň ornaşýar.  Şahyryň şygyrlarynyň düýp özeni adam mertebesine hormat goýmak, Watany, topragy söýmek, ata-enäni arzylamak, halal zähmetiň hözirini görkezýän adalatly jemgyýeti gurmak pikirlerinden gözbaş alýar. Munuň özi şygyrlarda milliligiň kämil nusgasyny aýdyňlaşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň milli edebiýatymyzy öz milli ýolumyz bilen   ösdürip, ony dünýäniň ösen  edebi  çeşmeleriň hataryna goşmak hakynda düýpli alada edýär.  «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda bolsa, 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellenilip geçilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlaryň öňe sürülmegi bolsa öz söz ussadyna egsilmez sarpa goýýan hem bir supranyň başynda jem bolan jebis milletimiz üçin milli dereje, milli mertebedir.

Goja Köpetdagyň belent dag gerşinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň bina edilmegi bolsa türkmen milli buýsanjynyň dag belentlikleri ýaly barha beýikliklere göterilýändigini alamatlandyrýar.

Resul BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy.