10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, ilki bilen maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ol 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi. Bölünip berilýän maliýe serişdeleriniň oýlanyşykly hem-de rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek, telekeçiligi, kiçi we orta işewürligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça anyk işleri geçirmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Milli Liderimiz bu ugurda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmagyň gurallaryny kämilleşdirmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli seljermeleri geçirmek hem-de önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylabowa söz berildi. Ol geçen 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda ministrligiň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi hem-de iş üpjünçiligi boýunça hyzmatlary hödürlemegiň tertibini, iş bazaryndaky ýagdaý hakynda maglumat bermegi kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Soňra “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda 2020-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullukda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, öndürilýän önümleriň hem-de harytlaryň, ýerine ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiline hem-de howpsuzlygyna geçirilýän barlaglaryň dünýä tejribesinde umumy kabul edilen standart hil derejesine laýyk gelmelidigini belledi.
Bu ulgamda ösen halkara tejribesiniň öwrenilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow ýolbaşçylyk edýän edarasynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp hem-de resmi statistika ulgamynyň işiniň hilini we dolandyryş ulgamyny, statistika maglumatlarynyň taýýarlanylyşyny kämilleşdirmegiň möhüm meselelerini öz içine alýan özgertmeleriň göwnejaý guralmagynyň zerurdygy barada aýdyp, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedow geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, düzümiň işine nägilelik bildirdi. Milli Liderimiz maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze döwrebap usullaryny gözlemegi tabşyrdy.
Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew bank ulgamynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bank ulgamynyň işine düýpli nägilelik bildirdi we bu ugurda öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylmaýandygyny berk tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynyň durnukly maliýe üpjünçiliginiň, kiçi hem-de orta telekeçiligiň höweslendirilmeginiň we oňa goldaw berilmeginiň, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmagyň hem-de abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň hasabyna bank işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Soňra “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy M.Hajyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň netijelerine nägilelik bildirip, soňky ýyllarda bankyň işini talabalaýyk ýola goýmak meseleleriniň ünsden düşürilendigini aýtdy. Ýüze çykan ýagdaýy döwrebap derejede düzetmek boýunça zerur tagallalar edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy J.Jumagylyjow häzirki döwürde bankyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek we oňa dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bankyň öňünde durýan wezipeleri we bu ugurda işlenip taýýarlanylan maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz bank ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur işleri amala aşyrmagy berk talap etdi.
Iş maslahatyň dowamynda “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygy S.Aganiýazow ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleriniň maliýe üpjünçiligini gowulandyrmak, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bankyň işini döwrebap derejede ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Karzlaşdyrmak we maliýe serişdelerini gaýtarmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda bankyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra “Halkbank” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy M.Arabow dürli ugurlardan gelip gowuşýan maliýe serişdelerini netijeli peýdalanmak, bankyň hyzmatlar ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly tehnologiýany ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz bankyň işinde karz-pul syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmeýändigini belledi we bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz elektron görnüşli hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow bu ulgamda alnyp barylýan işler, halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we bankyň düzümlerine innowasiýalary, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda daşary ýurt maýa goýumlary bilen baglanyşykly amallaryň ýerine ýetirilişine, puluň dolanyşygyny kadalaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz emele gelen ýagdaýdan netije çykaryp, işleri talabalaýyk derejede guramagy tabşyrdy.
Soňra Döwlet ösüş bankynyň başlygy S.Baýramow geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we bank işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bankyň işi guramak meselelerine bolan çemeleşmelerine nägilelik bildirdi. Döwletimiziň ösüşinde möhüm orun eýeleýän banklaryň işini dünýäde emele gelen ýagdaýlary nazara alyp, üýtgedip guramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ugurda zerur işleri geçirmegi bankyň ýolbaşçysyndan berk talap etdi.
“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Täçmuhammedow karzlaşdyrmak işini kämilleşdirmek, edara-kärhanalara, raýatlara hödürlenýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bankda ýerine ýetirilýän işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz maliýe serişdelerini dolandyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak we bank amallaryny kämilleşdirmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy bankyň ýolbaşçysyndan talap etdi.
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy S.Gurbandurdyýew bankyň kiçi we orta işewürligi goldamak, telekeçileriň maliýe serişdelerine isleglerini kanagatlandyrmak hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk getirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz bankda tölegler, hasaplaşyklar geçirilende, müşderilere hyzmatlary ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işlerde kemçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän çärelere düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bankda ýerine ýetirilýän ähli amallar berk gözegçilikde saklanylmalydyr.
Soňra Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory H.Geldimyradow okuw mekdebinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu okuw mekdebiniň ýokary hünärli işgärleri, şol sanda dolandyryş ulgamynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, halk hojalygy toplumynda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleri netijeli çözmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamagy esasy ugur edinýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ugurdaş düzümler bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, ýokary okuw mekdebinde amala aşyrylýan ylmy işleri höweslendirmek, daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini öwrenmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de rektora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew hasabat bilen çykyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektoryna ýokary okuw mekdebiniň bilim meýilnamasyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, hünärmenleriň ylmy taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer maliýe-ykdysadyýet toplumynyň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Döwlet býujetiniň we maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýum serişdelerini özleşdirmek işleriniň amala aşyrylyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyň işine bagyşlanan şu günki maslahaty jemlemek bilen, toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, onuň ýolbaşçysy M.Sylabowa ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, şäherlerde, etraplarda we obalarda zähmet gorlarynyň hem-de bar bolan iş ýerleriniň hasabatyny ýola goýmaly we berk gözegçilikde saklamaly. Zähmet gatnaşyklary, zähmete hak tölemek we zähmeti goramak babatda hereket edýän kadalaşdyryjy namalary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileý ýylynda raýatlaryň durmuş goraglylygyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlara hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny berip, olaryň ilkinji nobatda işe ýerleşdirilmegini gözegçilikde saklamaly.
Ministrligiň resmi internet web-saýtyndaky “Iş üpjünçilik sahypasynyň” mümkinçiliklerini doly ulanyp, döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalarda hünärler, kärler boýunça iş orunlaryna zerurlyklar baradaky maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek gerek.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegowa ýüzlenip, ykdysadyýetiň nazaryýetinden, kadalaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, jemi içerki önümi we beýleki makroykdysady görkezijileri hasaplamagyň usulyny kämilleşdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy M.Hojagulyýewe Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Gullugyň welaýatlarda we sebitlerde ýerleşýän düzüm birlikleriniň hem-de barlaghanalarynyň barlag-synag enjamlary bilen üpjünçiligini, önümleriň we harytlaryň dürli görnüşlerini sertifikatlaşdyrmak mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa ýüzlenip, halkara bazarynda, dünýä jemgyýetçiliginde ulanylýan döwrebap ätiýaçlandyryş görnüşlerini we hasaplamagyň kadalaryny yzygiderli öwrenmegi hem-de ýurdumyzda ornaşdyrmak, usulyýeti kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ätiýaçlandyryş bazar ykdysadyýetini ösdürmek we onuň durnuklylygyny pugtalandyrmak, bäsleşige ukybyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmek barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe hem-de täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda ýurduň içinde puluň kadaly dolanyşygyny gazanmagyň hem-de bank ulgamynyň esasy wezipesiniň ykdysadyýetde puluň möçberini kadaly saklamak, sazlaşygyny üpjün etmek bolup, şu ýagdaýy hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Milli puluň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça hemişe degişli işleri geçirip, daşary ýurt puly bilen bagly amallary düzgünleşdirmeli we bu işe berk gözegçilik etmeli.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.