12-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen!” atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna Ýaşlar guramasynyň wekilleri, şeýle-de institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli gutlag sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny aýratyn nygtadylar.
Ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş – ykdysady we medeni giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmak, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, dost – doganlygy pugtalandyrmak, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak ugrunda Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işlerini giňden wagyz etmekde we medeni – köpçülikleýin çärelerine işjeň gatnaşmakda institutyň aýratyn tapawutlanan göreldeli talyplaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Jemal REMATULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.