Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Hökümetiň 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Wise-premýerleriň, birnäçe ministrleriň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi hem-de şu ýyl üçin ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz ir bilen “Oguz han” köşkler toplumyndan Ruhyýet köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde geçirilen mejlise milli parlamentiň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, etraplaryň we paýtagtymyzyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

Milli Liderimiz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri, döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlarynyň özleşdirilişi, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiziň garamagyna “Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýany tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen Karary makullady we oňa gol çekip, wise-premýere şu strategiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hem-de işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli statistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony sanly ulgama geçirmek, bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. 

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, merdana ata-babalarymyzyň eziz Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmak üçin ähli tagallalary edip, döredip, gurup, taryhda öçmejek yz goýup, ýaşap geçendiklerini belledi. 

Biz ata Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren beýik şahsyýetlerimize tüýs ýürekden guwanýarys. Şoňa görä-de, olaryň atlaryny ebedileşdirýäris. Merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmäge çalyşýarys. Eziz Watanymyzy dünýäniň nusgalyk döwletleriniň derejesine çykarmak ugrunda ähli tagallalary edýäris diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şu maksatdan ugur alyp, jemgyýetimizi döredijilikli zähmet çekip, täze, belent sepgitlere ýetmäge, beýik işleri amala aşyrmaga ruhlandyrmak, häzirki we geljekki nesilleri milli gymmatlyklarymyza buýsanç, beýik ynsanperwerlik kadalary esasynda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň hatyrasyny belentde tutup, olaryň ýagty ýadygärligini ebedileşdirmek ugrunda zerur işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Şol beýik şahsyýetleriň hatarynda Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bäşim Nuraly ýaly teatr, kino, aýdym-saz sungatynyň wekillerini, Şükür bagşy, Magtymguly Garlyýew, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalary, A.Agabaýew, O.Ödäýew ýaly ýazyjy – şahyrlarymyzy, belli alymlarymyzy görkezmek bolar. Şeýle hem, biz ilatly ýerleriň, obalaryň we beýleki desgalaryň taryhy atlaryny dikeldýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisine Halkara nebit we gaz uniwersitetine Ýagşygeldi Kakaýewiň adyny dakmak baradaky meselä seretmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ý.Kakaýew ýurdumyzyň görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgäridi. Örän uly tejribesi bolan halypady. Ol nebitgaz pudagynyň häzirki zaman ulgamynyň emele gelmegine, şol sanda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredilmegine we ösdürilmegine uly goşant goşdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ulag hem-de aragatnaşyk toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wise-premýer hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň hünärmenleri tarapyndan “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi we ony döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenilen resminama gol çekdi hem-de degişli düzümiň ösdürilmelidigini belläp, sanlylaşdyrmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini işjeňleşdirmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasy, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasy barada hasabat berdi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasyny, şeýle hem “Himiki önümleri getirmek, öndürmek we ýerlemek babatynda işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky” kararyň taslamasyny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän milli kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýan täze Düzgünnamanyň kabul edilmeginiň derwaýysdygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu möhüm resminamany ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz gurluşygyň hiline aýratyn üns bermegi talap edip, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işinde sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, onda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynda hem-de telekeçilik ulgamynda 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän düzümlerinde 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. 

Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe resminamalaryň taslamalaryny hödürledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Karara, 2021-nji ýylda aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň hem-de kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, olary degişli derejede ýerine ýetirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” döwlet maksatnamasyny rejelenen görnüşde tassyklamak hakyndaky Kararyň taslamasy barada aýdyp, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygyny nazarda tutup, onuň üstünde işlemegi tabşyrdy. 

Bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açar. Şeýle hem Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. 

Bu merkezlerde epidemiologiýa, molekulýar biologiýa, wirusologiýa, bakteriologiýa, gen inženeriýasy, biotehnologiýa, ekologiýa we biologiýa howpsuzlygy babatda täze ylmy bilimleri almaga gönükdirilen düýpli ylmy-barlag işleri geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu meseleleri ýene-de bir gezek maslahatlaşyp, maksatnamanyň taslamasyny goşmaça işläp, Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda 2020-nji ýylda we 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 

Garaşsyzlygyň şanly senesi hem-de türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli dürli döredijilik bäsleşikleri yglan edildi. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak maksady bilen, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Daşary işler ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylda hem-de 2021-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilmegi mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyny tassyklamak hakyndaky”, “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp we Kararlara gol çekip, wise-premýere, daşary işler ministrine olary ýerine ýetirmek, şol sanda meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleri barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň demokratik, hukuk we dünýewi esaslarynyň berkidilmegine, ykdysadyýeti ýokary ösüş depginleriniň üpjün edilmegine, raýatlarymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde milli kanunçylyk binýadyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýubileý ýylynda ýurdumyzyň deputatlarynyň öňünde Garaşsyz ýurdumyzyň geljekki ösüşini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün edýän täze kanunlary kabul etmek bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Deputatlar jemgyýetçilik wakalarynyň jümmüşinde bolmalydyrlar, halkymyzyň oňyn çözgütlere we özgertmelere bolan isleglerini işjeň öwrenmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine söz berildi. 

Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy we şu ýyl üçin kesgitlenen wezipeler barada hasabat berdiler. 

Şunuň bilen baglylykda, häkimler häzir ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak işleriniň agrotehniki kada laýyk derejede alnyp barlyşy, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdiler. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Ýurdumyzda 2021-nji ýylda bag ekmek hakyndaky” Karara, şeýle hem “2021-nji ýylda ýurdumyzyň welaýatlary we etraplary boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky” Buýruga gol çekdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow 2020-nji ýylda we şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Kiberhowpsuzlyk boýunça döwlet topary hakynda” Düzgünnama laýyklykda, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, Kiberhowpsuzyk boýunça döwlet toparynyň dört mejlisi geçirildi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli goşunymyzyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, ähli düzümleriň ýokary söweşjeň taýýarlygyny üpjün etmek arkaly döwletimiziň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň wezipelerine ünsi çekdi we Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hem-de halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýete eýe bolan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi mynasybetli ulanylmaga beriljek önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň hem-de binalaryň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyga öňdebaryjy tehnologiýalary we nou-haulary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz binagärlik taslamalaryny işläp taýýarlamaga ylmy çemeleşmäniň hem-de olaryň maýa goýum babatdaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Milli Liderimiz baýramçylyk desgalarynyň Garaşsyz Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň nyşanydygyny belläp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşyna we hiline gözegçiligi güýçlendirmegi, desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.     

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyl biziň üçin çylşyrymly we ýeňil bolmadyk ýyl boldy. Şeýle-de bolsa, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan ähli kynçylyklara garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda uly üstünlikler gazanyldy. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bellenen ähli meýilnamalaryň diýen ýaly amala aşyrylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanan ähli çäreler geçirildi. Üýtgewsiz ýörelgeleri, Garaşsyzlygy hem-de Bitaraplygy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işler dowam etdirildi. 

Konstitusiýa üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işi doly diýen ýaly tamamlandy. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleri saklandy. Geçen ýylda jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime, şol sanda senagat pudagynda 3,3 göterime, söwdada 15,1 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterime barabar boldy. 

12 müňe golaý täze iş orunlary döredildi. Puluň hümmetsizlenmegi bellenen çäklerde saklandy. Ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi. Milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary durnukly ösýär. 

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde, gurluşyk pudagyna 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp maýa goýum serişdeleri gönükdirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanylmaga berildi. 

Başarjaň daýhanlarymyz we mülkdarlarymyz hem geçen ýylda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başardylar. 1 million 500 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, bir million iki ýüz müň tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. 

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi düýpli özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. 

Geçen ýyl meýdany 2 million inedördül metrden hem gowrak bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Netijede, müňlerçe maşgalalar, şol sanda az üpjünçilikli maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar. 

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy.

Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz belledi. Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär. Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmak işleri yzygiderli dowam edýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu ýyl üçin gowy býujet kabul edildi, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri ýene-de ýokarlandyryldy. 

Garaşsyzlygymyzyň, Bitaraplygymyzyň we raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar. 

Türkmenistan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalary bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk Hereketi we beýleki abraýly halkara guramalary bar. 

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň öňe süren köp sanly başlangyçlaryna abraýly halkara guramalarynda düşünmek bilen garalýar we bu başlangyçlar uly goldaw tapýar. 

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini belledi. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, umuman, geçen ýyl köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslendi we onuň taryhda hem-de halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýtsa bolar. Sebäbi 2020-nji ýylda ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklary netijeli peýdalanyldy, döwletimiziň ägirt uly ykdysady kuwwatyny ulanmak we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek boýunça ägirt uly işler bitirildi. 

Döwlet Baştutanymyz gazanylan ähli üstünlikleriň we ýetilen sepgitleriň diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin bolandygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzyň durmuşyndaky her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. 

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen ýörite iş maslahatlarynda 2020-nji ýylda ähli toplumlarda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, ýol berlen kemçilikleri düzetmek boýunça çäreler bellenildi. Ýolbaşçylaryň indiki wezipesi işleri gowulandyrmak üçin berlen tabşyryklary we bellenen çäreleri gysga wagtda ýerine ýetirmekden ybaratdyr. 

Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur. Şoňa görä-de, siz köp başlangyçlar bilen çykyş etmeli, işjeň zähmet çekmeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hemmeleriň güýç-gaýratyny gaýgyrman işlemekleriniň zerurdygyny aýtdy. 

Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys. 

Şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipesi ilatyň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak, girdejilerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şanly seneleri, ýagny mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk baýramlaryny ýokary derejede belläp geçmelidiris. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan taýýarlyk işleri bilen gyzyklandy. 

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow häzirki döwürde şanly seneler mynasybetli degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy barada hasabat berdi we medeni maksatnama taýýarlanyp, onuň çäklerinde dürli derejedäki döredijilik bäsleşikleriň, aýdym-saz agşamlarynyň, çeper okaýyşlaryň, festiwallaryň we sergileriň guraljakdygyny habar berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda taýýarlyk işlerine giň gerim berildi. 

Döwlet Baştutanymyz bu seneleriň paýtagtymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýändigini belledi. Meýilleşdirilen çärelerde ýurdumyzyň, aýratyn-da, Aşgabat şäheriniň garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten derejesi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşleri we şäher ilatynyň ajaýyp durmuşy öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 2020-nji ýylyň başynda ýylyň jemleri boýunça welaýatda durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen däp bolan bäsleşigiň yglan edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygyndaky ýörite toparyň bu bäsleşigiň jemini jemländigini aýdyp, hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi. 

Bellenilişi ýaly, berlen maglumatlar, şeýle hem bilermenleriň seljermeleri esasynda, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde iň gowy etrap kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçirilen işlerde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görkezijiler, bugdaý we pagta öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilişi, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, durmuş meseleleriniň çözülişi, şol sanda ilatyň iş bilen üpjünçiligi, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine bolan gatnaşygy, medeni derejesiniň ýokarlanyşy, ösüp barýan ýaş nesillere berilýän terbiýe we beýleki wajyp görkezijiler nazara alyndy.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby ýeňiji diýip yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz maglumaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligini ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakyndaky we bu bäsleşigi 2021-nji ýyl üçin yglan etmek hakyndaky Buýruklara gol çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilen işlere kanagatlanma bildirdi. Şeýlelikde, ýurdumyz we hemmämiz bilelikde ynamly öňe barýarys. 

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uly üstünlik, mähriban halkymyza bolsa, abadançylyk arzuw etdi.