Atly sportuň ezberleri

19-njy aprelda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça bäsleşik geçirildi. Şanly sene mynasybetli her ýyl geçilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz behişdi bedewleri bilen çykyş etdi.

Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Atly sportuň janköýerleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara adatdakylardan täsirli boldy. Bäsleşige ýigitler bilen birlikde gyzlaryň hem gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezmekleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

– Konkur sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary netijesinde has-da giň gerime eýe boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezinde bu ugur boýunça meşgullanýan türgenleriň sany görnetin artdy. Olar ahalteke atlary bilen öz başarnyklaryny görkezip gelýärler. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýmakda abyrsyz işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň atly sporty ösdürmäge berýän üns-aladasynyň has-da dabaralanýandygyny görkezýär.

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşdir özgerişlikleri dowamat-dowam bolsun! – diýip, ýaryşyň baş emini, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň atçylyk toplumynyň seýis-tälimçisi Durdymyrat Kanaýew gürrüň berdi.

Şeýlelikde, bäsleşigiň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Onda çykyş eden bedewleriň 10-sy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy. Ikinji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylar 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşdylar. Netijede, ikinji tapgyrda türgenleriň üçüsi deň netije gazanmagy başardylar. Üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň sekizisinden geçmeli boldular. Bu tapgyr has-da çekeleşikli boldy diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek. Netijede, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen şowly çykyş edip, birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow bolsa Akgala atly bedewi bilen çykyş edip, biraz şowsuzlyga ýol berendigi sebäpli, ýaryşy ikinji orunda tamamlady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew hem Galkynyş atly bedewi bilen bäsleşigiň üçünji tapgyrynda çykyş edip, üçünji orna düşmegi başardy.

– Atçylyk sporty bilen üç ýyldan bäri meşgullanyp gelýärin. Meniň bu ugurda kämilleşmegimde doganym Begli Garajaýewiň uly ýardamynyň bardygyny belläsim gelýär. Konkur boýunça ussat türgen Nikolaý Beglarýandan bu sportuň inçe tilsimlerini öwrendim. 2019-njy ýylda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen konkur ýaryşynda ikinji, 2020-nji ýylda bolsa birinji orny eýeläp, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagy başardym. Bu gün hem ýaryşda birinji orny eýelemegim baýramçylyk şatlygymy has-da artdyrdy. Ussat türgenler bilen bäsleşmek ýeňilýelpaý iş däl. Türgenleriň ählisi hem ýaryşa taýýarlykly gelipdirler. Biz – ýaşlara okamaga, sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! – diýip, ýaryşyň ýeňijisi Ýazgeldi Garajaýew buýsanjyny beýan etdi.

Ýaryşyň ýeňijilerine baýraklar Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde gowşurylar.