Türkmen türgeniniň üstünligi

Marydan sport ussady Aýsoltan Toýçyýewa Daşkentde geçirilýän Aziýa çempionatynda silterläp iki synanşygyň jemi boýunça bürünç medallaryň ikisini eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ikram Mätkarimowyň 24 ýaşly şägirdi olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna  girmeýän 81 kg çenli agramda şeýle netije gazandy, bu agram derejesinde 7 ýurtdan 8 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.

Aýsoltan iki synanşykda 218 kg (silterläp – 96 kg, itekläp – 122 kg) netije bilen 4-nji orna düşen Nigora Suwonowadan (Özbegistan) 1 kg artyk  we 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyndaky netijesinden 1 kg az ştanga  göterdi. Bu agramda Karina Kuzganbaýewa (Gazagystan) 232 kg (104+128 kg) netije bilen kümüş baýraga mynasyp boldy. 236 kg (103+133 kg) ştanga bäs gelen Çan Hýon Çžu (Koreýa Respublikasy) Aziýanyň çempiony boldy.

Diňe bir medallar däl, eýsem Tokio olimpiadasyna gatnaşmak üçin utuklar gazanylýan Aziýa çempionatynda indi türgenlerimiz Öwez Öwezow (109 kg çenli)  bilen  Hojamuhammet Toýçyýew (109 kg agramdan ýokary agramda) çykyş etmeli.

Meňzeş habarlar

26 Aprel 2021 | 138 okalan

Türkmen türgeniniň üstünligi

21 Aprel 2021 | 121 okalan

Atly sportuň ezberleri

20 Aprel 2021 | 128 okalan

Aziýa bäsleşiginiň ilkinji ýeňijileri