Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

6-njy iýunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun, bedew şöhratly bolsun!” diýen ganatly jümleleri aýdyp, iň gowy arzuw-umytlar bilen bedewi Serdar Berdimuhamedowa gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde idedilýän Hanbeg, Serdar Berdimuhamedow bolsa, Şapolat atly bedewlerde çapuw ýodasynda gezim etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenjiň dowamynda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Öňki makala

Juwan ýürek joşanda

Indiki makala