Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde we ähli welaýat merkezlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen hormatly ada mynasyp bolan ýaşlary sylaglamak dabaralary geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, bagtyýar talyplar hem-de Ýaşlar guramasynyň dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän öňdebaryjy işjeň agzalary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly sepgitleri eýeleýär, belent derejelere ýetýär. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi we dünýäniň ösen tejribelerine, döwrebap ylyma çuňňur aralaşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününde Mähriban Arkadagymyzyň talyp ýaşlar bilen taryhy okuw sapagyny geçirmegi we gymmatly öwüt-nesihatlaryny berip, «Ýaşlarymyz ähli güýçlerini, bilimlerini hem-de başarnyklaryny Watanymyzyň ösüşlerine bagyş etmelidirler» diýip bellemegi, bagtyýar ýaşlaryň watançylyk duýgularyny has-da joşdurdy.
Häzirki döwürde türkmen ýaşlary Mähriban Arkadagymyzyň öňdengörjülikli tagallasy we başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar.
Şeýle hem olar Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryny eýerip, okamak, öwrenmek, döretmek bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli her ýylda ýokary derejede geçirilýän bu dabarada ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlaryň 62-ne Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen at dakyldy we degişli şahadatnamalar şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda we ylym-bilim dünýäsinde ýokary netijelere eýe bolýan türkmen ýaşlarynyň döwlet derejesinde höweslendirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýokary derejede geçirilen dabarada çykyşlarada giň orun berildi. Onda halypa ýazyjylar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar Watanymyzyň ösüşi, ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle hem medeniýet-sungat ussatlary tarapyndan ýaňlanan şirin aýdym-sazlar dabaranyň joşgunyny has-da ýokarlandyrdy.
Dabaranyň dowamynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän, bilim alýan we Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary tarapyndan Hormatly Prezidentimize, mähriban halkymyza, döredilýän ajaýyp şertlere buýsanç hökmünde taýýarlanylan joşgunly alkyşly goşgy setirlerinden ybarat bolan alkyşnamanyň görkezilmegi, dabara gatnaşýan ýaşlaryň kalbynda Garaşsyz Watana, eziz topraga, bagtyýar ýaşlyga bolan buýsançlaryny has-da goşalandyrdy.
Baýramçylyk dabarasy mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçiren beýik özgertmelerine, ýurdumyzyň ösüşlerine bagyşlanan göçme sergisi we döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň çykyşlary baýramçylyk dabarasynyň öwüşgünini hasam artdyrdy.
Uly zähmet üstünliklerine beslenýän häzirki döwrümizde abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar ähli ugurlar boýunça netijeli iş alyp barmak ukybyny açyp görkezmek ugrunda döredilýän şertleriň, ýerine ýetirilýän işleriň döwlet derejesinde höweslendirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýaşlar mundan beýlägem öz öňlerinde durýan beýik wezipelere abraý bilen hötde gelmekde, Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýörelgelerine ygrarly bolmakda hem-de mähriban Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde mynasyp işleri alyp barjakdyklaryna, hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny dabaralandyrmakda tutanýerli yhlasly goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Berkarar döwleti bina edip, ýaşlary ýagty ertirlere ynam bilen alyp barýan, «Öňe, öňe, ýaşlar bilen diňe öňe, Jan Watanym Türkmenistan!» diýip, ýurduň bedew batly ösüşlerinde ýaşlara uly bil baglaýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.