Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşleri hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli “Arkadagyň ak ýolundan öňe barýar bagtly ýaşlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp suratlar, mahmal owazly bagşylaryň şirinden-şirin aýdymlary mynasyp orun aldylar. Gahryman Arkadagymyz “Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr” diýip belleýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýän mähriban Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş zehinleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berlip, dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döredijilik gözden geçirilişine işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýaşlar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Geljegiň aýnasy bolan ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ahlak taýdan arassa, giň dünýägaraýyşly, öz saýlan hünärine ökde, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Arkadagymyzyň yhlasyna ýaşlar hem öz gezeginde dürli ugurlarda başarnyklaryna görä jogap gaýtarmak ugrunda yhlas edýärler. Parahat ýurdumyzyň abraýyna özleriniň mynasyp goşandyny goşmak isleýän ýaşlara häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän şeýle çärelerden ruhlanýan ýaşlarymyz özleriniň ukyp başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek ugrunda yhlas edýärler.
Geljegiň eýesi bolan ýaş nesliň kämilligi üçin beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaçlyklara rowan bolsun!
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.