Berkararlygyň we Bagtyýarlygyň kepili

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda “Hormatly Prezidentimiziň beýik işleri berkararlygyň, bagtyýarlygyň kepili” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ýurdumyzyň iri syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu maslahata ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýolbaşçylar, professor mugallymlar şeýle-de raýatlarymyz gatnaşdylar. Maslahat-da çykyş edenler özleriniň çykyşlarynda bedew bady bilen öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň täze taryhynyň üstünliklere besleýändigi, eşretli ýaşaýşymyzyň sakasynda milli Liderimiziň adyl syýasatynyň, özeninde bolsa Garaşsyzlygymyz we Baky Bitaraplygymyzyň bardygy, gysga wagtyň içinde gazanylan zähmet ýeňişleri dogrusynda täsirli gürrüňler berdiler. Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen durmuşa ornaşdyrylýan işleri sanasaň sogaby kän. Ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda “Aşgabat – Türkmenabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň  “Aşgabat – Tejen” bölegini ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Bu bolsa raýatlarymyza oklaw ýaly göni, aýna ýaly dury ýollar bilen barmaly menzillerine sag-aman ýetmegi üçin döredilen giň mümkinçilikleriň biri. Mundan başga-da türkmeniň dana akyldary Magtymguly Pyragynyň beýik Köpetdagy etekläp oturan, gurluşygynyň soňky tapgyry dowam edýän ajaýyp heýkeliniň töwereginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bag ekmekligi özüne parz saýýan milletimiziň geljek nesillere miras goýjak ajaýyp däpleriniň birine öwrüldi. Mähriban Arkadagymyzyň teklibi bilen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileý toýuny halkara derejesinde bellemeklik göz öňünde tutulýar. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler türkmeniň buýsançly taryhy bilen guwandyryjy şu günleriniň bardygyny belläp döwlet baştutanymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

Baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşamaga, döretmäge, işlemäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýdýarys. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun alyp barýan döwlet bähbitli işleri rowaçlyklara rowan bolsun.

 

 

Merjen NURMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 5164 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 4178 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 5583 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.