Ýakynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýünde «Gözelligiň nusgasy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Dokma senagaty ministrligi tarapyndan guralan bäsleşige çeper elli gelin-gyzlaryň uly topary gatnaşdy.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşik «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «El bilen döredilen gözellik», «Kesbi-kärim nesillere görelde» atly şertler boýunça geçirildi. Bäsleşikde milli lybaslaryň keşde-nagyşlarynyň syrlary, el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek, olaryň goşgudaky, gadymy rowaýatlardaky waspy bilen bagly çykyşlar ezberlerden ezberleri saýlady.
Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesine görä, baş baýraga Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşy dokma toplumyndan Aksoltan Çaryýewa, Bägül Kakabaýewa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň dokma toplumyndan Gülnar Töräýewa, Gurbangözel Öwezliýewa, birinji orna Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky dokma toplumyndan Gunça Reýimowa, Hatyja Annaýewa, Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki «Balkan» dokma toplumyndan Gurbansoltan Maryýewa, Bagtygözel Jommyýewa dagy mynasyp boldy. Ikinji orny Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginden Eneş Amangeldiýewa, Aýbölek Babaýewa, 3-nji orny bolsa Lebap welaýatynyň Türkmenabat pagta egriji fabriginden Läle Akyýewa, Gülbahar Durdyýewa dagy eýeledi.