SÖZÜŇ GÜÝJI

Bir baýyň ady dillere dessan bolan bir ak aty barmyş. Baý bu atyny gaty gowy görermiş we elmydama ak atynda gezelenç edermiş. Atyna bolan söýgüsi şeýle bir ulumyş welin, bir gün töweregindäkilere: «Bu at meniň üçin örän gymmatlydyr. Ak atymyň ölüm habaryny getirene temmi berjekdirin. Sebäbi onuň ölüm habary meni gaty gynandyrar» diýipdir. Wagt geçýär, günleriň bir güni ak atyň hem ajaly ýetýär. Baýyň adamlary howsala düşýärler. Hiç kimiň baýa bu habary aýtmaga dili aýlanmandyr. Ahyrynda seýisbaşy bu meseläni öz üstüne almaly bolýar.

Ol:— Baý aga, siziň ak atyňyz bar-a?

— Hawa.

Seýisbaşy:

— Onuň aýaklary ýokarda,gözleri ýumulypdyr, garny çişipdir, ýatyr — diýýär.

Baý:

— Seýisbaşy biziň atymyz öldi diýsene – diýýär.

Seýisbaşy:

— Baý aga, men diýmedim,siz diýdiňiz — diýýär we ölümden aman galýar.

Söz — gudratly güýç, ynsana berlen nygmat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Sözüň gudraty arkaly ýatlar tanşa, tanyşlar ýakyna, dostlar dogana öwrülip biler. Sözüň manysy ýaly, sözleýiş şekili-de örän möhümdir. Aýdýan sözümize eýe bolup bilmesek, söz bize eýe çykar we özüne tabyn eder. Ynsany abat edýänem dil, berbat edýänem dildir. «Paýhas çeşmesi» kitabynda bellenilişi ýaly, «Ýerini bilip sözleseň, dildir daşyň galasy, ýerini bilmän sözleseň, dildir başyň belasy». Hawa, eger biz ýerinde ulanyp başarsak, sözüň tükeniksiz güýji bardyr.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň merkezi

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 72 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 455 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 458 okalan

KESIR