Okuw maslahatlarynyň birine 500 adam gatnaşdy. Maslahatyň alypbaryjysy toparlaýyn iş geçirmegi teklip etdi. Bu işe oňa gatnaşyjylaryň her birine çişirilen şar bermek bilen başlaýar. Her kim özüne berlen syýasy bilen şaryna öz adyny ýazmalydy. Soňra ähli şarlar ýygnalyp, bir otaga salyndy. Gatnaşyjylaryň ählisi otaga getirildi we 5 minudyň içinde ady ýazylan şaryny tapmaklyklary tabşyryldy. Her kim elinde baryny edip, bir şardan beýleki şara ylgap, öz adyny tapjak boldy. Gatnaşyjylar bir-biri bilen çarpyşdylar, itişdiler, netijede, hiç kim öz ady ýazylan şaryny tapmady. Soňra çykyş ediji hemmelere bir şar almaklygy we şol şarda ady ýazylan adama bermegi tabşyrdy. Gysga wagtyň içinde her kim öz şaryna eýe boldy. Çykyş ediji şeýle diýdi: «ynha, durmuşda şeýle wakalary köp görýäris. Her kim jan edip, bagty gözleýär we nirededigini bilmeýär. Aslynda welin, biziň bagtymyz başgalaryň bagtynda. Siz bagty olara beriň, siziňkem geler we adamlaryň esasy maksady-da bagt üçin göreşmekdir». Türkmençilikde «Bagtlyny yzlama, bagt ýoluny yzla» diýilýär. Bagtyň ýolunyň ilkinji salgysy bolsa özgeleri bagtly etmekdir. Bagtly adamlar durmuşynda daş-töweregindäki adamlara kömek elini uzadýandygyny, olaryň ýüzünde ýylgyryş bolmagy, gam-gussanyň gitmezligi üçin elinden gelenini edýändigini görýäris. Birek-biregi sylamak, hormatlamak, bagtly etmek, söýgi-hormat içre arzylamak biziň öz elimizdedir. Her kimiň gözleýän bagty, aslynda, başgalara bagt paýlamakdadyr!
Begmuhammet MEREDOW,
Tmýg-niň merkezi Geňeşiniň
Iş dolandyryjysy.