Süýji dilli, güler ýüzli bir ýaş ýigit bal satýarmyş. Ol şeýle bir nurana, özüne çekiji ýigitmiş welin, süýji ýylgyryşy bilen köňülleri eredermiş. Ýaş satyjy şeýle özüne çekiji mylaýym ýigitmiş welin, meger zäher satsa, onuň elinden bal şerbeti hökmünde kabul etjekmişler. Günleriň birinde bir adam bu ýigidiň söwdasyny görýär we onuň gazanjyna göriplik edýär. Ertesi gün ol adam başynda baly, ýüzünde «sirkesi» bilen şähere aýlanyp başlaýar. Köçe-köçe aýlanyp, balyny satjak bolýar. Emma näme üçindir balyna müşderi aňyrda dursun, bir siňek hem gonmaýar. Adam agşam gaty gamgyn halda hiç hili gazanç edip bilmän öýüne gaýdýar. Gahardan ýaňa ýüzi-gözi gamaşyp duran adamsyny gören aýaly degişme äheňinde: «Ýüzi turşy bolanyň, baly ajy bolar» diýýär. «Güler ýüz hem hormat, hem sowgat» diýilýär. Güler ýüzli, kalby päk adam hemme ýerde arzyly. Aslynda, ýylgyrmak ählitaraplaýyn peýdalydyr. Şol bir wagtyň özünde ynam duýgymyzy güýçlendirýär. Şeýlelik bilen, üstünligimizi artdyrýar. Gorkyny ýeňip geçýär, aladany we göwnüçökgünligi aýyrýar. Ýylgyrmak bagtlylykdyr. Güler ýüzlülik sowuk gatnaşyklary eredip, alaýaza öwürýär. Ýagtylygyň kebelegi özüne çekişi ýaly, güler ýüzli ynsanlar bagty özüne çekýärler. Tanymal adamlaryň aglabasynyň üstünlige ýetişi bilen bagly maglumatlarda olaryň, ilkinji nobatda, güler ýüzli, süýji dilli ynsandyklary we bu aýratynlygyň üstünlik gazanmagyň ilkinji çelgisidigi aýdylýar. Ýylgyryş elmydama ýüzümizi, ýürekdeş ynsanlar daşymyzy, süýji pursatlar durmuşymyzy bezesin!
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
baş hünärmeni.