DÜRS SÖZLEMEK

Maşgalada ata-enäniň her bir hereketine, görüm-göreldesine eýerýän çagalar sözleýişde-de şol endige eýerýärler. Käbir ata-eneler ýaňy dil biten çagalarynyň diline biçak guwanyp, çagalarynyň ýalňyş sözlemegine ýol berýärler. Körpelerine sözleri gysgaldyp ýa-da üýtgedip aýtmagy öwredýärler. Mysal üçin: «çörege-nanna», «nahara-bişşe», «ýara-wawwa», «suwa-üwwe»… ýaly sözleri aýtdyryp öwredýärler. Çagasyna daşary ýurt dilini öwredýän kişi bolup, sözleri ýoýup,
garym-gatym edip, öwredýänlerem bar.

Eger çaga ýaşlykda sözleri düşnükli hem dogry aýtmagy öwretmesek, onda oňa ulalansoňam bu endiginden saplanmak kyn düşýär. Şeýle-de ol öz ene dilimizde arassa hem sowatly geplemegi başarmaz.

Ata-ene, mugallym çagalaryň her bir sözi gyssanman, ýalňyşman, sakynman, aýyl-saýyl aýtmagyny gazanmaly. Ene dilini ýoýup gepleýän bolsa, basym onuň öňüni almaly.

Her bir ata-ene, terbiýeçi, mugallym körpelere ýaşlykda öz ene dilinde dürs sözlemegi endik etdirmäge çalyşmalydyr.

Uly adam ýaly garamak. Ata-eneler, terbiýeçiler, mugallymlar çagalaryň özlerinde galdyran gowy we ýaramaz täsirleri hakynda olaryň ýanynda ara alyp maslahatlaşýarlar. «Körpeler entek ýaş, bu gürrüňlere düşünmeýärler, ulularyň pikirleri bilen gyzyklanmaýarlar» diýip, pikir edýärler. Beýle pikir ýalňyş. Çaga örän duýgur bolýar, ähli zat onuň üns merkezinde. Ol seniň ýüzüňden, gözüňden, sözüňden hereketiňden many çykaryp bilýär. Özi hakynda erbet pikirleri eşitse çagada kemsinme duýgusy döreýär. Şonuň üçin çagalaryň ýanynda olaryň hereketini, gylyk-häsiýetini ara alyp maslahatlaşmak, olaryň özleriniň öz-özüne baha bermäge zyýan bermegi ýa-da tersine, beýlekileri hasap etmezlige getirmegi mümkin.

Çagalara-da edil uly adam ýaly garaň!

 

Taýýarlan Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar