Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda orta möhletleýin döwürde ylym ulgamynyň özgerişini dowam etdirmek we düýpli ylmy gözlegleriň esasynda pudaklaýyn ylmy işleriniň alnyp barylmagy göz öňünde tutulan. Şeýle hem Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda amaly ylmy işleriniň geçirilmegine, ylym bilen önümçiligi utgaşdyrýan, önümçilik pudaklarynyň ylmy esasynda ösdürilmegine we usuly kadalarynyň kämilleşdirilmegine içgin gatnaşýan ylmy-önümçilik binýadynyň döredilmegi, ylmy-barlaglary we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik auditi geçirmek işlerini ýola goýmaklyk göz öňünde tutulan.
Milli maksatnamamyzyň öňümizde goýýan bu meselelerini çözmek üçin ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary işläp düzmek we olary önümçilige ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýan Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň we ýokary okuw jaýlarynyň şeýle hem dünýäniň öňde baryjy ylmy-barlag merkezleriniň mümkinçiliklerini bilelikde ulanmalydyr.
Hazirki wagtda hut şundan ugur alnyp, ylmy üstünlikleri we innowasiýa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam etmek üçin ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralary tarapyndan mynasyp işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda şu ýylyň 1-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda işe girizilen Tehnologiýalaryň transfer merkezini görkezip bileris. Geliň, Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň wezipeleri, maksady, alyp barjak işleri bilen tanyş bolalyň! Çünki bu merkeziň işi ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleriň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere aýdyň mysaldyr.
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň baş maksady ylmy-barlag we innowasion işläp düzmeleri täjirleşdirmek we tehnologik audit işlerini geçirmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, merkez tehnologiýalaryň transferiniň ulgamyny döretmegi, olara daşary ýurtlaryň innowasiýa ulgamyny integrirlemegi, şeýle hem innowasiýa ulgamlary döretmek boýunça halkara maksatnamalaryna we taslamalaryna gatnaşmagy öz öňünde wezipe edip goýýar. Şeýlelikde, has düşnükli edip aýtsak, bu merkez tehnologiýalar transferi çygrynda araçyllyk işi — tehnologik brokerçilik bilen meşgullanýar hem-de şol ugurdaky hyzmatlary täjirçilik esasynda amala aşyrýar. Munuň özi ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmegiň mümkinçiliklerine baha bermäge, täjirleşdirmek üçin ýokary mümkinçiligi bolan ylmy işleriň netijelerini ýüze çykarmaga, ylmy işleriň netijelerini täjirleşdirmek üçin strategiýany işläp düzmäge, ylmy işleriň netijelerine bolan hukuklary goramagy we intellektual eýeçiligi ýüze çykarmagy ýola goýmaga şert döredýär. Mundan başga-da, Tehnologiýalar merkeziniň gatnaşmagynda startaplary döretmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam eder.
Görnüşi ýaly, bularyň ählisi işewürlik serişdeleriniň üsti bilen Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň ýurdumyzda ylym bilen önümçiligi birleşdirmek ugrunda näderejede iş alyp barýandygyna we bu işleri geljekde-de mynasyp dowam etdirjekdigine şaýatlyk edýär.
I.Babaýew
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň
Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň
baş hünärmeni