«Wagt» diýen närsäniň gymmatyna düşünmek we ony ýerlikli peýdalanmak maksadyňa ýetmekde iň uly basgançaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan, bu babatda uly üstünlige ýeten käbir meşhur adamlaryň ýaşlara berýän gymmatly sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.
— Günüň haýsy wagtynda önjeýli işleýändigiňizi biliň! Şunlukda, şol wagtyňyzy has möhüm hasaplaýan işleriňize sarp ediň!
— Senenamaňyza aýratyn möhüm hasaplaýan tabşyryklaryňyzy belläp goýuň! Bu size wagt babatynda has-da tygşytly bolmagyňyza ýardam eder hem-de öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýetmekde çynlakaý çemeleşmäge itergi berer.
— Gerek ýerinde «ýok» diýmegi başaryň. Wagtyňyzy edil sanalgy duran serişdäňiz hökmünde kabul ediň!
— Özüňize çäk goýuň! Muny hatda ýakynlaryňyza hem düşündirmäge ýaýdanmaň!
Goý, olar siziň günüň haýsydyr bir böleginde täze taslamaňyzyň üstünde
işleýändigiňizi ýa-da şular ýaly möhüm iş bilen meşgullanýandygyňyzy
bilsinler.
— Telewizor, telefon ýa-da internet ýaly serişdelere baglanmakdan ägä boluň!
Olary diňe belli bir maksada görä, özüňizi kämilleşdirmäge gönükdiriň we bu serişdelere çäk goýmak endigini ediniň!
— Senenama boýunça öňüňizde goýan maksatlaryňyza ýeten ýagdaýyňyzda özüňize hoşallyk bildirmegi unutmaň!