ŞAŞKA OÝNUNYŇ ÝAŞY

Akyl-paýhas oýunlaryny halaýan adamlaryň meşgullanýan oýunlarynyň iň ýörgünlileri şaşka we küşt oýnudyr. Olar biri-birine meňzeş, ýöne şaşka oýny has ýönekeý bolansoň, ol birinji döräpdir diýlip hasap edilýär. Şaşkany gadymy Müsürde hem oýnapdyrlar. Bu oýnuň 5 müň ýyllyk ýaşy bardyr. Platon bilen Gomeriň şaşka oýny barada öz işlerinde ýatlap geçmekleri bu oýnuň gadymy Gresiýada meşhur bolandygyny görkezýär. Rimliler bu oýny greklerden kabul edip alypdyrlar. Bu oýun baradaky ilkinji ýazgylarda oýun oýnalanda edil häzirkiler ýaly agaç tagtasynyň ulanylyp, her tarapda 12 sany adamyň oýnandygy barada maglumatlar bar.

Şaşka hakyndaky maglumatlar ilkinji gezek 1547-nji ýylda Ispaniýada neşir edilýär. 1620-nji ýylda bu oýun barada ikinji kitap hem çapdan çykýar. Ol biziň häzirki günlerimize çenli wajyplygyny saklap gelýän göçümleridir utgaşmalary özünde saklaýar. Angliýada şaşka hakda ilkinji kitap 1756-njy ýylda peýda bolupdyr. 1800-nji ýylda Joşua Sturges tarapyndan ýazylan ýene bir kitap çap edilip, ol 50 ýyldan gowrak wagtlap şaşka oýny boýunça gollanma bolup hyzmat edipdir.

Häzirki wagtda dünýäde millionlarça adam şaşka oýnaýar. Bu oýun logiki pikirlenmäni we ünsi ösdürýän oýun hökmünde ykrar edilendir. Lukmanlar onuň sagaldyjy täsiriniň bardygyny belläp, bu oýny oýnamagy maslahat berýärler.

Meňzeş habarlar