RAHMET GYLYJOWYŇ «HALALLYK KYSSALARY» ESERINDEN SUWUŇ ZAÝALANMAZLYGY ÜÇIN...

«Suw akman dursa, onuň zaýalanýandygyny gördüm,

Syýahat etse sag ol, dursa durşuna sökel.

Şir hem gowagyny ýassanyp ýatsa, aw edip bilmez,

Peýkam ýaýdan aýrylmasa, nyşana degip bilmez».

 

Suwy zaýalaýan zat – onuň akman, hereket etmän, bir ýerde saklanmagy. Hereket etdigiçe, akdygyça, suwuň tagamy hem, ýokumy hem juda gowy bolýar. Ýolbarslar hem hut şeýle, gowagyndan, süreninden çykman ýatsa, awunyň yzynda ylgamasa, hiç zat gazanyp bilmez. Şir bolsa-da, rysgy ýatan ýerinde agzyna gelmez. Peýkamyň ujy her näçe ýiti bolubersin, ýaýdan aýrylmasa, uzaga atylmasa, hereket etmese, nyşana degip bilmez. Hatda degmek beýle-de dursun, hereket etmese, golaýyna-da baryp bilmez. Ynsan hem edil şular ýaly, yhlas-hereket etmese, bilini bek guşamasa, bir ýerden başga ýere ýöremese, ýönelmese, jan we tagalla etmese, onuň akly-da, kalby-da bulanyp, harlanyp başlar we durmuşda hiç wagt maksadyna ýetip bilmez.

Durmuş hakda ýazylan kitaplardan, aýdylan sözlerden, hikmetli depderlerden belläp alan we gaýta-gaýta ýatlaýan şu sözlerimi seniň bilen paýlaşaýyn.

Hereket et... Hereket edýärkäň, belki-de bir ajaýyp zadyň üstünden basarsyň. Duran aýagyň täze bir zadyň üstünden basandygyny eşitmersiňiz.

Dogry ýoldan ýöräp barýan hem bolsaň..., otursaň..., aýaklaryň üýtgeşik zat basmaz, gaýta gurşup galar.

Hereketsiz göwre hemişe hereketsizlige, mejalsyzlyga ýykgyn eder. Hereketli göwre hemişe hereketlilige, janlylyga ýykgyn eder.

Hereket, hereket, hereket...

Gaýrat, tagalla, janypkeşlik...

Dek durma, ýaýdanma, biagyry bolma, ýaltanma, köp ýatma... Ine, aýtmak isleýän zatlarymyz şulardan ybarat. Hereketlilik biziň durmuşymyzy özgerdýän esasy güýç. Ýaýdanmak, ýaltanmak ýaly häsiýetler hereketiň öňüne böwet bolmasyn. Sähel salymlyk şowsuzlyklar hereketi togtatmasyn. Saňa iki sany wakany gürrüň bereýin.

Ol ýerde umyt bar…

Dostlarymyň biri hemişe hemme zatdan nägile bolar ýörerdi. Durmuş wakalaryndan, her dürli ýagdaýlardan, amatly pursatlaryň döremeýänliginden, iş tapmaýanlygyndan, ondan, mundan, senden, menden… Bir gün oňa bildiriş berilýän gazetleri getirmegi we hödür edilýän işler bilen gyzyklanmagyny maslahat berdim. Soňra iki bolup dükanlara, bazarlara aýlandyk. Nirede nähili bildiriş bar bolsa, ählisiniň belgilerini belläp aldyk we habarlaşyp başladyk. Şeýle günleriň birinde ol göwün diýýän işiniň üstünden bardy. «Synanyşmakdan ýitirýän zadymyz ýok» diýip, maslahat etdik-de, şol ýer bilen habarlaşdyk. Gitdi, gürleşdi, işiň talaby we zähmet haky bilen gyzyklandy, ýörite synaglaryny tabşyrdy. Gaýdyp geleninde işe kabul ediljekdigine birjik-de ynamy ýokdy. Ýene-de öňki bolşy ýaly umytsyz we göwnüçökgündi. Aradan köp wagt geçmedi. Şol edaradan gelen hat dostumyň işe Kabul edilendigini habar berýärdi. Häzir dostum şol edarada uly wezipelerde abraý bilen işläp ýör. Özümize sowal bereliň, eger-de dostumyz hiç hili hereket etmän, ugruna çykman, şol bir duran ýerinde saklanan bolsa, hereket etmäge derek zeýrenip, nalap, özünden gaýry hemme zady ýazgaryp ýörenliginde şu zatlar amala aşarmydy?

Şeýle wakalaryň ýene birini gürrüň bereýin. Bu dünýäbelli bir restoran eýesiniň başyndan geçen wakalar. Ol özüniň oýlap tapan täze tagamlaryny hödürläp, ýany bilenem iş sorap, müň sany restorana ýüz tutupdyr. Emma hiç restoran onuň islegini kanagatlandyrmandyr, teklibini hem, özüni hem işe kabul etmändir. Ýöne durmuş dowam edýär. Müň gezekde bolmandygy onuň asla bolmajakdygyny aňladanok. Ol şondan soňam ýan bermändir. Göwni isleýär, ýüregi atygsap dur. Soňam onlarça ýere ýüz tutupdyr, ukyp-başarnygyny teklip edipdir. Ahyry hem bir restorana işe kabul edilipdir. Ilki şol ýerde işläpdir, özüni görkezipdir. Häzir bolsa uly bir restoranyň eýesi bolup otyr.

Örän köp adamlar öz hereketlerine, ukyp-başarnyklaryna özleri çäk goýýarlar. Bir ýa-da iki gezek synanyşyp görýärler, ugrugybermese, umytdan düşüp, lapykeç bolup, indiki hereketlerden elleri sowap galyberýär. Hereket etmekden saklanýarlar. Şeýle adamlar bilen birje pikiri paýlaşasym gelýär: «Hereket ediň, ýagşy pursatlar alnymyzda. Hereket ediň, has gowy günler entek öňümizde. Hereket ediň, bikär we gamgyn oturmakda, ömri bimany ötürmekde nä haýyr bar?».

Durmuşdaky ençeme ýagdaýlar hereket eden ýerimizde bir netijä ýetendigimizi tassyklar durar. Hut özüm hakda aýtsam, durmuşymda iň köp säwlik goýberen ýerlerim, haçanda bir-iki synanyşykdan soňra, hereket etmegi däl-de, işe berilmän oturmagy ileri tutan pursatlarymdyr. Ana, şol ýagdaýda men has köp hata goýberýän ekenim. Ýadamakdan çekinip, özümi rahatlyga, arkaýynlyga beren çagymda nebir pursatlar elden gidip, ajaýyp pursatlar zaýalanyp, ýitip gidýän ekeni, gaýta has beter şowsuz bolýan ekeniň.

Hereket et, hatda durmuşyň asuda-endigan, hemme zat ýerbe-ýer bolsa-da, hereket et. Täze zatlary öwren. Has ajaýyp işleri bitirmäge pursat ara. Täze hünärlerde, täze ugurlarda synanyş we kämilleş. Täze gatnaşyklary ýola goý. Aýaklaryň täze zatlary basýança dek durma, arkaýyn bolma, hereket et. Durmuş tigrinden düşýänçäň hereket et, hereketde bol. Belki-de, maksatly we ynamly ädilýän gadamlaryň seni has ajaýyp, has abadan, has belent bir ýerlere elter. Saňa ähmiýetli ýerlere elter. Ýa-da dostuňa öwrüljek bir kämil şahs bilen gabatlaşdyrar. Ýa-da miwesini ýoljak, hözirini görjek pursatlaryň bilen ýüzbe-ýüz eder.

Hereket et:

1. Has işjanly we has köp hereket etmegiň ýollaryny kesgitle, planyny çyz.

2. Gereginden artyk uka berilýän bolsaň, ukynyň sagat sanyny azalt. Kadaly ýatmaga endik et.

3. Bimany zatlara sarp edýän wagtyňy peýdaly zatlara harçlamaga çalyş. Wagt iň gymmatbaha puldur. Ony nämä harçlaýandygyňa üns ber – peýdaly zatlara sowýarmyň ýa-da juda bimany zatlara?

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR