«BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY» KITABYNDA «KÄDIBAŞ» TAGAMYNYŇ TAÝÝARLANYLYŞY

Muny bişirmek üçin ýaş malyň eti gerek. Et ýagly bolsa, gowy bolýar. Kädiniň (daş kädi bolsa has gowy) ýokarky bölegini gapak şekilinde kesip, ikä bölmeli. Içini arassalamaly. Dogralyp, duzlanyp we burçlanyp goýlan eti, sogan, pomidor bilen bile onuň içine gapgarmaly. Üstüne bir litr suw guýmaly we «gapagyny» ýapmaly hem-de howurpeçde bişirmeli.

Taýýarlamak üçin 1 kädi, 1 kg ete 0,5 kg pomidor, 200 g sogan, 1 litr suw, burç we sogan gerek bolýar.

Meňzeş habarlar

27 Noýabr 2025 | 130 okalan

TÜRKMEN MILLI NAGYŞLARY

20 Noýabr 2025 | 570 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ GYMMATLYGY

20 Noýabr 2025 | 431 okalan

MEDENI MIRAS — HALKYŇ RUHY KUWWATY