ABU NASR MUHAMMET IBN MUHAMMET FARABYDAN ÝAGŞYLYK WE ÝAGŞY GYLYK-HÄSIÝETLER HAKYNDAKY PARASATLY SÖZLER

Ynsanyň ähli häsiýetleriniň jübüti bardyr. Ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, adalatyň ýanynda zulum, gaharyň ýanynda bolsa rehimdarlyk bardyr. Ynsan ýagşy gylyk-häsiýetleriň tarapyny tutanda, ol ynsanlygyna galýandyr. Eger ol ýaman gylyk-häsiýetleriň tarapyny tutsa, onda ol haýwan ýaly jandardyr. Sebäbi ynsan bilen haýwanyň tapawudy akyldadyr. Şonuň üçin hem akylly jandara ynsan diýilýändir.

* * *

Eger kimdir biri saňa ýagşylyk edip, deregine senden hiç zada mätäç bolmasa, onda derrew başardygyňdan onuň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap ber we borçlulygy boýnuňdan aýyr. Sebäbi borçlulyk uzaga çekse, ol seni saňa ýagşylyk eden adama ruhy taýdan gul eder. Ruhy taýdan bergidar bolmak bolsa, maddy taýdan bergidar bolmakdan has erbetdir.

* * *

Ynsan özüniň daşky keşbi bilen gözel bolman, içki dünýäsi bilen gözel bolmalydyr. Içki dünýäniň gözelligine bolsa kalbyň päkligi we ýagşy pikirde bolmaklyk girýändir.

* * *

Adamlar üç tüýsli, ýagny haýyr-yhsan edýän, şer işler bilen meşgul bolýan we ikiýüzli bolýarlar. Haýyrly adamlar diňe haýyr-yhsan işler bilen meşgul bolup, seniň ol hakynda ýalan gürrüňler edendigiňi bilse-de, seni ýagşylykda ýatlar we agzyndan hiç hili paýyş söz çykmaz. Erbet gylykly adam şer işler bilen meşgul bolup, adamlara diňe ýamanlyk eder. Ol adamlaryň aýbyny gözläp, kä halatda töhmet atmakdan hem gaýtmaz. Ikiýüzli adam saňa hiç zat diýmezem, saňa garşy iş hem etmez. Ol seniň bilen dost bolşy ýaly, seniň duşmanyňy hem dost tutunar. Emma seniň halyň teňleşendigini gören güni senden doly ýüz öwrer.

* * *

Eger sen ynsana ýagşylyk etseň, ýagşylygyň gaýdyp geler we uly abraýa eýe bolarsyň. Eger sen kimdir birine ýamanlyk etseň, saňa-da ýamanlyk ederler we sen adamlaryň arasynda biabraý bolarsyň.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR