Ilki adamkärçilik, soňra bilim!
Professor:
— Ynsan üçin adamkärçilik ilkinji orunda durýar, ondan soňra bolsa bilim — diýip, talyplara ýüzlendi.
Ýokary okuw mekdebiniň fizika-matematika fakultetiniň professory talyplaryň ömürboýy ýatlarynda galar ýaly sapak bermek isledi. Ol tagta 1-lik sany uly edip ýazdy we:
— Bu siziň adamkärçiligiňiz. Ol durmuşda örän zerur hildir — diýdi.
Soňra 1-lik sanyň yzyna noly ýazyp:
— Bu bolsa siziň üstünligiňiz. Ol adamkärçiligiňiz bilen sizi on esse ösdürdi. Ýene bir nol — tejribe. Onuň bilen adam ýüze deň boldy. Bu sanlaryň yzyna ýene bir noly goşýaryn: sere-saplylyk, ýene bir nol söýgi, şowlulyk. Goşulýan her nol adamy on esse ösdürýär.
Professor garaşylman durka tagtadan 1-lik sany süpürip aýyrdy. Indi tagtada diňe hiç hili ähmiýeti bolmadyk nollar galdy. Professor:
— Eger adamkärçiligiňiz bolmasa, özgeleri gara şaýa-da durmaýar — diýip, sözüni jemledi.