Edep bilen ahlak arasyndaky baglanyşyga düşünmek üçin ahlagyň nämedigine göz ýetirmeli.
Ahlak arap sözi bolup, “hulk” sözüniň köplügidir. Hulk sözi, ynsanyň ruhy, wyždany, kalby we zehini bilen baglanyşykly ruhy tarapyny aňladýar. Hulk sözi, ynsanyň daşky keşbi, şekili bilen baglanyşykly maddy gurluşyny aňladýar.
Ahlak ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan hüý-häsiýetler, gylyklar we soň terbiýe ýoly bilen gazanylýan ruhy durmuşynda kök urup, endige öwrülen, ýeňil-ýelpaý taşlap bolmajak ýagşy-ýaman endikler diýmekdir. Mysal üçin: jomartlyk we dogrulyk ýa-da bularyň gapma-garşylygy bolan gysgançlyk we ýalançylyk.
Ahlak, arassa ahlak we ýaramaz ahlak ýa-da gowy gylyk-häsiýetler we ýaramaz gylyk-häsiýetler diýlip iki görnüşe bölünýär.
Ahlagyň asyl maksady ynsanlara dünýä we ahyrýet bagtyny hem-de sagadatyny gazandyrmakdyr. Şonuň üçin ahlak ylmy ynsana dogryny-egrini, ýagşyny-ýamany, gowyny-erbedi öwredip, olardan dogryny, ýagşyny we gowyny endik edinip durmuşa geçirmek arkaly şahsyýeti arassa ahlakly edip terbiýeleýär.
Arassa ahlaklylyk, Allanyň halaýan we ynsanlaryň hoşal bolýan gylyk-häsiýetleri bolup, ynsanyň eli we dili bilen başgalara zyýan ýetirmezligidir, ynsanlara ýagşylyk etmek we olara güler ýüzli bolmak diýmekdir. Kämil ynsan bolmak, maşgala abadançylygy, jemgyýetiň parahatçylygy diňe arassa ahlaklylyk bilen mümkindir.
Jemläp aýtsak, nesillerimizi düşünjeli, edep-ekramly edip ýetişdirmek, ösen medeniýeti döretmek ynanç we söýgi arkaly mümkindir. Ynanjyň, söýginiň täsirliligi edep-ekramly, arassa ahlakly bolmaklyga baglydyr.
Yslamda ýoldan gelip-geçenlere ezýet berýän bir zady aýyrmak hem imandan bir bölek hasap edilen bolsa, iman we yslamyň esaslary bilen ahlak we edep kadalarynyň arasynda, elbetde, bir baglanyşygyň bardygy aýdyň görünýär.
Hawa, ahlak diniň durky, edep bolsa şahsyýetiň zynatydyr, bezegidir. Arassa ahlakly, edep-ekramly bolmak gahrymanlykdyr. Bu nukdaýnazardan seredeniňde edep bilen ahlak arasynda göni baglanyşyk bardyr. Arassa ahlaklylyk edeplilik diýmekdir. Edep, ynsanyň ýaradylyşynda bar bolan hüý-häsiýetleri, gylyklary terbiýe ýoly bilen gowy ýa-da ýagşy görnüşde endige öwürmekdir. Başgaça aýdanda, arassa ahlaklylyk ýa-da gowy gylyk-häsiýetler edebe degişli düzgünlerdir. Arassa ahlaklylyk we edeplilik ynsandaky gylyk-häsiýetleriň çäklendirilip terbiýe edilmegi arkaly gazanylar.