GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» ESERINDEN

Biziň halkymyzyň köp öwüşginli we köp sanly toýlary bar. Şeýle toýlaryň birine «pygamber toýy», «pygamber ýaş toýy», «ak goýun bermek» ýa-da «ak goýun toýy» diýýärler. Atlandyrylyşy dürlüçeräk bolsa-da, hemmesi bir many-mazmundan ybarat. Bu toý halkymyzyň milli toýudyr. Şeýle toýuň diňe biziň halkymyzda – türkmenlerde bardygy hem muny tassyklaýandyr. Şundan hem görnüşi ýaly, türkmenler her bir mukaddes ynanja, hatda onuň toý-baýramlaryna hem özboluşly çemeleşýär. Muny beýleki baýramlaryň bellenilişinde-de görmek bolýandyr. Türkmenler, edil dini däp-dessurlar babatda bolşy ýaly, şol köp sanly musulman baýramlarynyň hem käbirini hiç mahal baýram etmändirler. Olardan diňe belli-bellilerini özlerine kabul edip alypdyrlar we asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, şu günlerde-de ol baýramlar bellenilýär. Ol baýramlaryň mynasyp derejede bolmagyna döwletimiz doly goldaw, uly hemaýat berýär. Bu baýramlara diňe dindarlarymyz däl, bütin halkymyz gatnaşýar. Şeýlelikde, olar diňe dini baýramlar hem däl, şu halkyň öz baýramy, milli baýramlar ýaly täsin bir derejä göterilip, özboluşly öwüşgine eýe bolup gelýändir. Şeýle bolmagyny, bir tarapdan, halkymyzyň yslam medeniýetiniň iň gowy däplerine goýýan aýratyn hormaty bilen, beýleki bir tarapdan, ol däpleriň çuňňur kökleriniň yslamdan has ozalky müňýyllyklardan gaýdýandygy bilen düşündirip bolar.

Hudaý sylap, saglyk bilen ömür sürüp ýören her bir adamyň öz maşgalasynyň, ýakynlarynyň, töwereginiň – goňşy-golamlarynyň, dost-ýarlarynyň, gatnaşýan adamlarynyň, şonuň bilen birlikde, bütin jemgyýetiň öňünde ýeneki hyzmatlary, borçlary bardyr. Ol hyzmatlar, borçlar halallyk bilen bitirilmeli ýagşy işlerdir. Öz nebereleriniň arasynda, märekelerde, ähli ýerde öz sözi hem işi bilen bitirjek, ile-ýurda peýdaly işleridir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR