ZÄHMET HAKYNDA TÜRKMEN HALK NAKYLLARY

Adam bagdyr, zähmet – bagban.

* * *

Allanyň öňünde imanyň, milletiň öňünde zähmetiň seniň iň uly güwäňdir.

* * *

Bagta zähmet bilen ýetilýändir.

* * *

Baýlygyň çeşmesi zähmetdir.

* * *

Är – zähmeti bilen, bedew at – ýyndamlygy bilen, gylyç – kesgirligi bilen tanalýar.

* * *

Hudaýyň beren zehinini zähmet bilen ýiteltmeseň, ol kütelmek bilendir.

* * *

Zähmet – maddy söýgüdir, söýginiň maddylaşmagydyr.

* * *

Zähmet – mertebedir, mertebäňden ýüz dönderme!

* * *

Zähmet – ömrüň wepasydyr.

* * *

Şu günki işiňi ertä goýmak – şu günüň zähmetiniň lezzetinden we miwesinden özüňi mahrum etmekdir.

* * *

Yhlaslylyk, zähmetsöýerlik bagtyň ýaranydyr.

* * *

Zähmet adamy kämillige, ýaşaýşy bolsa – gözellige ýetirýär.

* * *

Zähmet – adamyň öz-özüni ykrar etmegidir.

* * *

Zähmet – bagtyň çeşmesidir.

* * *

Zähmet – baýlygyň doganydyr.

* * *

Zähmet – iň uly terbiýeçidir.

* * *

Zähmet – ulalmak serişdesidir.

* * *

Zähmet-yhlas gudrat döredýär.

* * *

Zähmet – ýaşaýşyň rehnetidir.

* * *

Zähmet – zehiniň açarydyr.

* * *

Zähmetde gaýduwsyz bol, kynçylykdan gaýtma!

* * *

Zähmetden daşlaşdygyň – gowy durmuşdan daşlaşdygyňdyr.

* * *

Altyn otda bilner, adam – zähmetde.

* * *

Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet.

* * *

Gybat duşman artdyr, zähmet – dost.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR