GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «MERT ÝIGITLER GAÝRAT ÜÇIN DOGULÝAR» ATLY ESERINDEN

Ata-babalarymyzyň ýürek yhlasy döwletlilikdedir.

Bu günki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz olaryň hakydalarynda müdimilik orun alan ajaýyp durmuş hakyndaky düşünjäniň aýdyň durmuş beýanydyr. Eziz Watanymyzyň şu gününi pähimiňden geçirip, munuň şeýledigine göz ýetirýärsiň. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň manysy hem asuda durmuşymyzyň manysy bilen çuňlaşýar.

Asuda durmuş berkarar döwletli bolmakdan hem iňňän giň düşünjedir. Biziň döwletliligimiziň binýady berkden tutulandyr, çünki bu diňe bir durmuş hal-ýagdaýyňy, gün-güzeran derejäňi gowulandyrmak däldir. Munda «mertebe» diýlen düýpli düşünje bardyr. Halkymyz elgarama bolman, öz rysgalyňy özüň tapmagy, öňi bilen, ynsanlyk borjy hasap edýär. Şonuň üçinem asyrlara nazar aýlaýarsyň welin, ata-babalarymyzyň her hili çylşyrymly ýagdaýlarda hem güzeranyny aýlamagyň ýollaryny halal zähmetden gözländiklerine göz ýetirýärsiň. Kynçylyklar olary özleriniň ynam-ygtykatlaryny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny aýap saklap, özüniň azaby, pähimidir zehini, başarnygy bilen ümmülmez sähranyň, dag dereleriniň hakyky eýesi bolup, ynamly, belent ruhly ýaşamaga taplapdyr. Şeýlelikde, adam üçin iň bahasyz baýlyga – tebigata ýakyn bolup, adamyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň, şony hem özüňde ýaşatmagyň syrlaryny öwrenipdirler. Ine, owazasy dünýä dolan ahalteke bedewimiz, älemgoşar ýaly halymyz, göräýmäge juda ýönekeýje saz gurallarynda döredýän milli aýdym-sazlarymyz, geçmiş durmuşynyň anyk kadalaryny özünde beýan edýän halk döredijilik eserlerimiz hut şol aýratynlygyň netijesidir. Türkmen sazyny diňlän her bir adam türkmen topragynyň şol saza berýän güýjüne haýran galar. Çünki bu ýerde älemgoşar ýaly aňyňda şekillenýän gözellik bilen aň-üşük, paýhas arkaly dura-bara hakydaňa ornaşýan gözellik hem ýaşaýar. Onuň hakyky durkuny duýup bilen, synlan adam ony soň esli wagtlap ýadyndan çykarmaz. Şular baradaky pikirlerimi men hemişe belleşdirip goýýaryn. Sebäbi öz Watanyň hakynda düýpli duýgyň bolmasa, Watanyň tutuş durky barasynda, onuň tikendir daşlary, çägesi hem akar bulaklary, bularyň barysy hakynda döredijilikli anyk işi kesgitlemek hem öz hakyky manysyna ýetip bilmeýär diýip pikir edýärin.

Biziň üçin esasy baýlyk ýurt asudalygymyzdyr. Ertirki gün Zeminiň geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillere tüsse-tozandan arassa parahat ýurdy, mal-mülki üpjün bolan asuda durmuşy, kalbymyza entek çaga wagtlarymyzdan bäri ornaşyp galan ýakymly hüwdüleri, aýdymlary, dessanlary, ertekileri, asylly edim-gylymlary, milli medeniýetimiziň nusgasy bolan däp-dessurlarymyzy miras galdyrmaly. Ýene-de sansyz köp zady, parç bolup oturan meýdanlary, daglary, çölleri, durnanyň gözi ýaly arassa suwy, howany, asla bizi gurşap alan ähli zatlary aýamagy, şeýdip, olara öwredýäris. Munuň-da asyl sebäbi tebigata, ene-ata, zähmete, mähriban Watana söýgi ilki şol terbiýeden başlanýar. Şonuň esasynda hem adam özgeleriň ykbaly hakynda oýlanmagy öwrenýär, Zemini, asuda durmuşy goramagyň gymmatyna düşünýär.

Jemgyýetçilik düzgün-tertibini goramak diýmek juda giň manyny aňladýar.

Meniň bulary turuwbaşdan ýatlaýanlygym, «türkmençilik» diýen düýpli sünnälenilen ýörelge arkaly nähili amallaryň adamkärçiligi bezeýändigini, haýsylarynyň bolsa adamyň mertebesine laýyk gelmeýändigini bize çagalykdan ündediler. Indi seredip oturýan welin, şol wagtlarda «türkmençilige gabat gelmeýän» hökmünde sargalan ýagdaýlara duçar bolmazlyk babatdaky kanunlaryň resmi kabul edilmegi bilen berkidilipdir.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR