DURMUŞ TOÝY BILEN BAGLANYŞYKLY YRYMLAR

Türkmen toýlarynyň içinde iň ulusy durmuş toýudyr. Toý diýlende türkmen düşünjesinde, adatça, durmuş toýy göz öňüne gelýär. Bu tebigy ýagdaýdyr. Türkmen gymmatlyklarynyň içinde maşgala uly orun eýeleýär. Her bir durmuş toýy bolsa, täze maşgalanyň dörändigini buşlaýar.

* * *

Türkmen gelin edinjek bolanynda gyzyň ýedi arkasyny, dogan-garyndaşlaryny yzarlar: gana gatyljak gan niçik gan? – Anyklar!

* * *

Durmuş toýy bilen baglanyşykly türkmeniň özboluşly dessurlarynyň, öz ähmiýetli düşünjeleriniň birgiden ulgamy kemala gelipdir. Durmuş toýuna, adatça, ogul öýermek diýilýär. Sebäbi toý tutulmagy arkaly gelin alnyp berlen oglana özbaşdak öý tutupdyrlar. Munuň özi müňlerçe ýyllar mundan ozal dörän oguz däbidir. Öýlenmekçi bolýan ýigit türkmen sährasynyň bir ýerine ýaý atypdyr, onuň düşen ýerinde gerdek gurlup, ýurt tutulyp, toý toýlanypdyr.

* * *

Gudaçylyga gelenleriň sözi alynmajak bolsa, myhmanlaryň öňüne çörekli saçak açylman goýlupdyr. Eger gyzyň ata-enesiniň garşylygy beýle kesgitli däl bolsa, bu meselede, garaz, bir umyt bar bolsa, onda saçak açylyp goýlupdyr. Sawçylyga baranlar saçakdaky öň döwlen çörekden datman, onuň içindäki bitin çöregiň gyrasyndan gädip, duz dadypdyrlar. Şondan soň olar öz matlabyny açyk aýdypdyrlar. Bu, köplenç, «Şu taraplarda biziň ýitigimiz bar, şony idäp geldik» diýen manyda aňladylypdyr. Gyz tarapy gelenleri göwne makul görse, pikirlenmek, maslahatlaşmak üçin birnäçe gün puryja soraýarlar.

* * *

Türkmeniň toý edebinde durmuşa çykýan gyza ata-enesiniň sargytlary, ündewleri uly orun tutýar. Enesi gyzyna öý işlerini düzetmek, hojalygy alyp barmak, geljekki hossarlary we goň­şy-golamlary bilen oňşukly gatnaşmak barada wesýetler etse, atasy gaýynlary sylamak, adamsyny hormatlamak barada ýagşy öwüt-ündewleri edýär.

* * *

Toý güni gelnalyjy gelip, gyzyň başyna kürte atyp, ony oglanyň öýüne alyp gidýär. Gyzyň atasy öýünden çykarylmagy birgiden dessurdyr. Şonda gyz alnyp çykylanda, gapy tutulýar, diňe gapy tutýanyň serpaýy berlenden soň, gelinligi daşary çykaryp bolýar. Şol ýerde gyzyň üstüne dürli seçgiler seçilýär.

* * *

Gelnalyjyny garşylamak toýuň iň şowhunly we bagtly pursatlarynyň biridir. Gelniň gelýänini ilki bilene buşluk haky berilýär. Gelnalyjy ýörite ýakylan ýüzärlikleriň arasyndan geçirilipdir. Täze gelen gelni garry aýallar maňlaýyna sylýarlar. Oňa bagt arzuw edýärler.

* * *

Nika gyýmak üçin kazy, pyýadakazylar we eli gaýçyly aýallar ýygnanyp, öýde oglan bilen gyza nika gyýýarlar. Nika gyýlanda, olara ýörite taýýarlanylan süýjülik suwundan içirýärler.

* * *

Durmuş toýunda ýigidiň hem gyzyň edep kadalary türkmençilikde takyk işlenip düzülendir. Nika gijesiniň ertesi gelin öz gaýynlarynyň ýanyna salama barýar. Gelin kürtesini aýyrman, ilki gaýyn atasy bilen, soňra gaýyn enesi bilen tagzym edip salamlaşýar. Ol öz ýany bilen olara, beýleki hossarlaryna getiren sowgatlaryny ýanyndaky gyzyň kömegi bilen gowşurypdyr.

* * *

Nika gyýlanda «süýji durmuşda ýaşasyn» diýip, süýjülik suwy paýlanýar.

* * *

Gelin gaýdyp gelende gaýyn ata – gaýyn enä, gaýyn aga - gaýyn ekejä sowgatly gelýändir.

* * *

«Gelin ýanýoldaşynyň hyzmatynda bolsun» diýip, oňa guşak çözdürmek, ädik çykartmak dessurlary ulanylýar.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR