GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÇAÝ – MELHEM HEM YLHAM» ATLY ESERINDEN

Men Türkmenistanda çaýyň taryhy bilen gyzyklanyp başlanymda, ylmy çeşmelerdäki çaý barada käbir gyzykly zatlara hem gabat geldim. Ylmy çeşmeleriň birinde 1912–1930-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda hem çaý agajyny ösdürip-örňetmek üçin ylmy-tejribe işleriniň geçirilendigi barada maglumat getirilýär. 1912–1915-nji ýyllarda bagbançylyga höwesek T.P.Starsew, tokaýçy N.I.Samokiş şol wagtky Aşhabad demirýolunyň nahalhanasynda, bagbanlar Z.A.Paşinskiý we E.A.Milýugin 1928–1930-njy ýyllarda Türküstan medeni ösümlikler-tejribe stansiýasynda, 1932–1933-nji ýyllarda A.W.Gurskoý we N.M.Minakow Butinsoýuz Ösümlikler institutynyň Türkmenistan tejribe stansiýasynda, şol ýyllarda hem-de şondan soňky döwürde A.N.Bulba hem-de F.I.Nozdraçew bolsa Aşgabadyň botanika bagynda çaý agajyny biziň howa hem-de toprak şertlerimize uýgunlaşdyrmak,ahyrky netijede bolsa hasyl almak boýunça ylmy-barlag, tejribe işlerini geçiripdirler. Ýöne her ekiniň öz dörän ýerini halaýandygyny bilýäris ahyry. Aýtjak bolýanym, ýokarda adyny agzan adamlarymyzyň geçiren ylmy-tejribe işleri hem degerli netije bermänsoň, bes edilipdir. Ýöne Türkmen daýhanlarynyň çaý agajyny ekip köpeltmek islegi käteler olaryň öz ekin ýerlerinde hem bu agajy synag edip görmegine getiripdir.

Geçen asyryň ortalarynda we ahyrlarynda Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda Gruziýadan getirilen çaý nahallarynyň ekilip görlendigi hakynda hem anyk deliller bar. Ösümlik birbada ýerli şertlere uýgunlaşjak ýaly bolup görnüpdir. Hatda çaý daragtlarynyň adam boýuna ýeteňkirlänlerem bolupdyr. Emma soňky netijeler göwnejaý bolmandyr. Bagbanlaryň dürli synanyşyklary şowsuz tamamlanypdyr. Ildeşlerimiz gowy işiň başyny başlasalar hem, netije gowy bolmanyndan soň, işi dowam etdirmekden saklanypdyrlar.

Belki, synaglar has çynlakaý dowam etdirilse, «Kesewi dürtseň gögerýär» diýilýän topragymyzda biziň öz çaýymyzyň kemala gelmegi-de mümkin. Has tejribeli käbir bagbanlar entegem bu işden umytlaryny üzenoklar. Ýöne häzirlikçe başga ýurtlardan getirilen we dürli ýerlerde gaplanylan çaýlardan peýdalanmaly bolýarys. Şunda döwrüň islendik meselä, özem adam üçin zerurlyklara öz täsirini ýetirýändigini, zamanabap ýollary salgy berýändigini bellemeli. Ynha, häzir Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar gatnaşyklaryna barha giň ýol açylýar. Telekeçilerdir işewür adamlar dünýäniň iň gowy ýerinde bitýän, senagat taýdan aňrybaş derejede işlenen, göze gelüwli çaýlaryň dürli görnüşlerini alyjylara hödürleýärler. Bu babatda «Bereketli» hojalyk jemgyýetiniň eýýam paýtagtymyzyň Abadan etrabynda hususy çaý fabrigini açandygyny, ol ýerde Hytaýdan we Seýlondan getirilýän gök, şeýle-de Hindistandan getirilýän gara çaýlaryň dürli sortlarynyň gaplanýandygyny, özem höwes bilen alynýan şol çaýlaryň gaplarynyň milliligimize, medeni-taryhy mirasymyza, hatda şu günümiziň röwşüne bap gelýän derejede bezelip, satuwa çykarylýandygyny buýsanç bilen aýdyp bolar.

Şeýle-de öz telekeçilerimiz soňky ýyllarda meşhurlyga eýe bolup başlan sowuk çaýlary öndürmegi-de ýola goýdular. Döwre görä, adamyň islegdir talaplarynyň üýtgeýändigem tebigy zat. Indi gelşikliden çaklaňja alýumin hem plastik gaplara guýlan, her dürli miwe tagamlary berlen çaýlary Türkmen telekeçileri aňrybaş hil derejesinde öndürýärler. Tüp yssyda buz ýaly suw agzyňa hoş ýaksa-da, teşneligiňi gandyrmaýar. Ýöne haýran galmaly, sowuk çaý welin gandyrýar, şähdiňi açýar. Içerki bazarlarymyz indi şeýle sowuk çaýlardan doly.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmen telekeçileriniň ýerli çig mallardan çäýnekdir käseleri hem ýasap başlandyklaryny guwanç bilen belläsim gelýär. Aslyýetinde çaý bilen ömrüni-durmuşyny baglan Türkmen milleti kulalçylyk kärini uzak asyrlaryň dowamynda özüne hemra edinipdir. Has gadymy döwürlerde hem Türkmenleriň bu kesp-kar bilen baglylykda tamdyrlary, käseleri, çäýnekleri, monjuklary ussatlyk bilen ýasandyklaryna dünýä belli arheolog, akademik Sarianidiniň Merwiň çägindäki gadymy Goňurdepede geçiren gazuw-agtaryş işleri mahalynda ýüze çykan tapyndylar hem guwa geçýär ahbetin! Olardaky nagyşlar, şekiller barada-da näçe diýseň gürrüň etse boljak. Aslynda, çäýnekdir käselerde ulanylýan nagyşlar, şekiller babatda Türkmeniň özüniň milli aýratynlygy bar. «Öz çäýnegime demlenen çaýdan goňşularym bilen paýlaşyp içsem,göwnüme has laýyk bolýar» diýip, goçbuýnuz nagyşly hum çäýnegini demläp, goňşy-golamy bilen üýşüp çaýlaşýan eneler, ýaşulular her obada-da bardyr diýip pikir edýärin.

Adatça, türkmenler çaýy gyzgynlygyna içmegi halaýar. Birwagtlardan bäri uzak ýola, ylaýta-da, adam-garasyz ýerlere, daga, düze, çöle iş bilen gidiljek bolnanda, termosa–demkeşe demlenip çaý alnyp gidilýär. Ony akidip-getirmegiň hossasy az däl hem bolsa, ol azabyňa degýär. Şonuň üçinem şol termoslar-demkeşler türkmen öýleriniň her biriniň aşhana goşlarynyň arasynda ymykly orun aldy. Ozallar olaryň görnüşleri gatybir köp däldi. Häzirki döwürde her dürli ölçeglerde, owadan edilip ýasalan termoslar çaýyň muşdaklarynyň geregine ýaraýar.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR