"Ynsan ýaly syzýar"

     Türkmen topragynyň gymmatlyklarynyň arasynda üşükliligi, syzgyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen dünýä meşhur bolan alabaý itlerimiz bar. Olaryň goraýan öýüne, eýesine wepalydygy hakda köpsanly eserler döredildi, goşgular düzüldi. Biz bu hakykata gündelik durmuşymyzda hem häli-şindi gabat gelýäris.

...Bir maşgala ýaşaýan obasyndan başga ýere göçmekçi bolýar. Öýüň goşlary, ownukdyr iri mallaryň ählisi ulaglara ýüklenilýär. Indi gapyny gulplap, goňşular bilen hoşlaşyp, ýola düşübermelidi. Şu ýerde garaşylmadyk mesele ýüze çykýar duruberýär. Öý eýelerine köp ýyllap hemra bolan, olara wepadarlyk bilen hyzmat eden alabaýy ulaga münmäge kes-kelläm garşy bolýar. Olaryň alabaýlaryny täze ýurda alyp gitmek üçin eden synanyşyklary başa barmaýar. Şeýdip, alabaý göçülen öýüň öňünde ýalňyz galyberýär.

Täze ýere göçüp gelen maşgalanyň agzalaryny goňşulary gowy garşylaýarlar. Şeýdip, olar täze ýurda, täze ile öwrenişip başlaýarlar. Ýurt kemi ýok, adamlary-da mylakatly, baryş-gelişli. Ýöne her gezek saçagyň başyna jem bolnanda, maşgalanyň bir agzasy kem ýaly bolup durupdyr. Bu ejirli duýgy-da öňki ýurtda galan alabaýyň ýokdugy bilen baglydy. Ol ozallar şeýle ýagdaýda gazan ýaly kellesini öň aýaklarynyň üstüne goýup, olaryň gapdaljygynda gözlerini ýumup ýatardy, dili bolmasa-da, eýeleriniň edýän gürrüňlerine düşünýän ýalydy. Maşgalanyň ähli agzasy wepaly itlerini küýsemek küýseýärdi. Aýlar-günler bolsa tirkeş gurap geçip durdy.

Günlerde bir gün olar göçüp gaýdan obalaryna — köne ýurtlaryna görme-görüşlige barmagy niýet edinip, uzak ýola rowana bolýarlar. Ilki baryp maňlaýlaryny dirän ýerleri hem göçüp gaýdan ojaklary bolýar. Haçan-da agyr gulp asylan gapynyň öňünde garysyna ýassanyp ýatan köpeklerini görenlerinde, haýran galmakdan hem-de tolgunmakdan ýaňa birbada özlerini ýitirýärler. Alabaý bolsa olary görenden, darsa ýerinden turup, eýeleriniň öňünden çykýar. Soňra goňşy-golamlary alabaýy näçe sapar öz öýlerine alyp gitmekçi bolandyklaryny, ýöne onuň mährem ojagyny taşlap gitmändigini, şol sebäpli oňa ýalyny şu ýere getirip berendiklerini gürrüň berýärler. Bu waka itiň eýelerine ýiti täsir edýär. Olar yzlaryna göçüp gelmegi makul bilýärler.

Aşakdaky beýan etmekçi bolýan wakam bolsa hut özüm bilen baglanyşykly bolupdy. Mundan birnäçe ýyl ozal goňşy döwletde ýaşaýan garyndaşlarymyňka görme-görüşlige gitdim. Ýakyn garyndaşlarymyň biri meni hormatlap, myhmançylyga çagyrdy. Biz onuň ulagynda ýola düşdük. Ol çetki obalaryň birinde, gür jeňňellige golaý ýerde ýaşaýardy. Ep-esli ýol geçip, onuň öýüne baryp ýetdik. Herimiz öz tarapymyzdan gapyny açyp, ulagdan düşdük. Wagt gijigip, garaňky gatlyşypdy. Biraz aňyrrakda ýerleşýän öýüň ýanyp duran çyralary daş-töweregi biraz ýagtyldýardy. Men ulagdan düşen ýerimde doňup galdym. Edil ýazzy maňlaýymda äpet türkmen alabaýy meniň ýüzüme garap durdy. Aramyz bolsa bir ädim çemesidi. Birbada: «Çaltlyk bilen yzyma, awtoulaga özümi ataýsam, näderkä?» diýen pikir kellämde at çapdy. Ýöne näçe çalasyn bolsam-da, alabaýdan ozup bilmejekdigime gözüm ýetensoň, duran ýerimde doňňara daşa döndüm. Alabaý bolsa biraz wagt meni synlamagyny dowam etdirdi-de, soňra aýaklarymy, ellerimi ysgaşdyrdy. Men hem onuň mähnet kellesini, alkymyny sypalaşdyryp başladym. Öý eýesi alabaýyň bu ýere gelenini-de görmän ekeni. Ol biziň bolup durşumyzy synlap, haýran galdy.

— Bu nähili boldy?! Sakar keseki adamy, ýat haýwanlary bu ýerlere getirmeýärdi. Şu gezeg-ä ol häsiýetini üýtgetdi — diýip, geň galyp seslendi. Soň bolsa bir zat ýadyna düşen ýaly, sözüni guwanç bilen dowam etdirdi. — Indi bildim sebäbini. Bu köpek güjük wagty türkmen topragynda ösüp ulalypdy ahyryn. Men ony şol ýerden getiripdim. Ol senden özüne mähriban bolan topragyň ysyny alandyr. Haýwan diýersiň welin, edil ynsan ýaly syzýar...

Hudaýberen Palekeýew,

Türkmenabat şäheri.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR