Türkmen milletimiziň asyrlar aşyp mukaddeslige öwren millilikleri bu gün döwrebap äheňde özüniň gymmatyny artdyrýar. Ene-mamalarymyzyň sülük barmaklaryndan çykan keşdedir, gaýmalarymyz, behişdi halylarymyz bu gün dünýäni haýrana goýýar. Milliliklerini ýitirip barýan milletleriň tersine bu gün halkymyz öz milliliklerine beýleki wagtlara garanyňda has-da eýeçilik gözi bilen garaýar. Mukaddeslikleriň iň naýbaşysy hökmünde bolsa türkmen ene mukaddesligini görkezýär. Enä bolan çäksiz hormat-sarpanyň il-gün hakdaky alada utgaşyp gitmeginde-de çuňňur many bar. Beýiklik enäniň kalbyndan perzende geçende, ol döwürlere, taryha dereje berýän uly ykbala öwrülýän bolmaly. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň keşde çekmek sungaty hem gadymy el hünärleriniň biridir. Keşdeler milli egin-eşiklerimiziň düzüm bölegidir. Eli çeper, dili şeker ene-mamalarymyz milli lybaslarymyzy bezemek üçin dürli nagyşlary döredipdirler. Olar keşdeçilik usulynda tikilip taýýarlanypdyr. Şol çeper usullary, tärleri, tejribeleri eneler gyzlaryna, aýal doganlar uýalaryna, gelinler baldyzlaryna öwredipdirler. Gelin-gyzlarymyza mahsus üme dessury türkmen gyzlary üçin hem edep-terbiýäniň, hünär öwrenmegiň hem-de sungata aralaşmagyň mekdebi bolupdyr. Ol ýerde ýaş gyzlar özleriniň boýdaşlaryndan, deň-duşlaryndan ýa-da gelneje-ýeňňelerinden el işlerini öwrenmek bilen, durmuşda özüňi alyp barmagyň ýollaryny, edep kadalaryny öwrenýärler. Şeýlelikde, bu gadymy milli amaly-haşam sungaty menziller aşyp, biziň günlerimize gelip ýetdi. Şeýle hem türkmen milli egin-eşikleri özüne çekijiligi bilen dünýä ýüzünde meşhurdyr. Keşdeçilik türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen we ol halkymyzyň durmuşyna berk ornaşyp, häzire çenli aýawly saklanyp, ösdürilip gelýär.
Keşde sungaty biziň halkymyzy ýer ýüzüne tanadan esasy aýratynlyklarymyzyň biridir. Dünýäniň islendik bir künjegindäki halklar owadan nagyşly milli lybasdaky türkmen zenanyny görse, onuň milletiniň türkmen, Watanynyň Türkmenistandygyny tanap bilýär.
Türkmen keşdesi özüniň nepisligi, inçeligi, manysy, mazmuny bilen dünýä halklarynyň keşdeçilik sungatyndan tapawutlanýar. Türkmen keşdesiniň ýene-de bir aýratynlygy – ondaky başga ýurtlaryň we halklaryň keşdeçilik sungatynda asla gaýtalanmaýan täsin we çylşyrymly şekiller hem-de nagyşlara siňdirilen dogry we doýgun reňklerdir.
Keşdeçilik sungatyny aýawly saklamak, ony ösdürmek halkymyzyň milli maksatlarynyň biridir.
Aýnabat ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň baş hünärmeni