Seýit Ysmaýyl Jürjany, taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, 1057-nji ýylda Gürgende dünýä inip, 80 ýaşynyň içinde Merwde, 1137-nji ýylda aradan çykypdyr. Gündogaryň tebipçilik ylmynda uly yz galdyran köşk lukmany bolan Jürjanynyň Gürgende doglandygy sebäpli, Merwde ony Gürgenli diýlen lakam bilen tanapdyrlar. Ol tebipçilik ylmyna degişli birnäçe kitaplaryň awtorydyr. Onuň ýazan şeýle kitaplarynyň biri-de tebipçilik ylmyna degişli bolan “Tebipçiligiň ýankitabydyr”. Ol 1995-nji ýylda pars dilinden türkmen diline terjime edilipdir. Şol kitapda Gürgenli uky we oýalyk barasynda täsirli pikirleri ündäpdir.
Alymyň ýazyşyna görä, uky üçin iň amatly wagt iýlen iýmitiň aşgazanyň ötüginden geçip, garna düşenden soň, iýmit siňdirmek üçin gerek bolan ähli güýç sarp edilenden soňky wagtdyr. Aç garna ýatmak saglyk üçin zyýanlydyr, sebäbi ol tebigy güýji peseldýär, beden bolsa horlanýar. Gündiz uklamak bedende çyglylygy artdyrýar we çalt-çalt dümewlemäge sebäp bolýar. Aýratyn-da, gyş aýlary gündiz uklamak ýüzüň reňkini öçügsilendirýär. Bedeni suslaşdyrýar, öňki bar bolan keselleri öjükdirýär we gujur-gaýraty kemeldýär. Sowuk häsiýetli adamlar üçin iň zyýanly häsiýet köp ýatmakdyr. Köp ýatmaga endik edinen adamlar bu ýaramaz häsiýetden ýuwaş-ýuwaşdan el çekmelidirler. Gündizki uky hiç wagt gijeki ukynyň ýerini tutmaýar we ol gündiz ýataganyň ýüzüni saraldýar.
Alym ýatjak bolanyňda, ilki bir salym sag gapdala ýatmagy, soň çep egne agdarylyp ýatmagy ündäpdir. Ýataňda garnyňy ýyly saklamaly we samyrderisi ýa-da şoňa meňzeş başga birzatlar bilen örtmeli. Çünki, ýatan wagtyň garnyňy, böwregiňi ýyly saklasaň aşgazanyňda bar bolan iýmit oňat siňýär.
Arkan ýatmak adamyň saglygy üçin zyýanlydyr, sebäbi burun we agyz boşluguna ýokardan maddalar inip, döşe we degnaňa çökýär. Ol bolsa, inçe keseliň, dümewiň, nerw keselleriniň, ysmazyň, bilagyrynyň döremegine sebäp bolup bilýär, burunda galan çökündiler bolsa garabasma, garaguşagyry we infarkt ýaly keselleriň döremegine sebäp bolýar diýip alym belläpdir.
Ukusyzlyk, gije ukyňy oňat almazlyk burnuň işini kemeldýär. Beden-de siňmän galan çig zatlar we şerap ynsanyň güýjüni kemeldýär. Daňdanky uky hem zyýanlydyr, sebäbi gündiz iýlen iýmit gije doly siňýär, aşgazan bolsa boşap galýar. Aç garna ýatmagyň hem şonuň ýaly zyýany bardyr.
Üznüksiz, birmeňzeş gaýtalanýan sesler, mysal üçin, suwuň sesi, suw degirmeniniň sesi ukyňy tutdurýar we ýadawlygy, argynlygy dep edýär.
Endamyňy sypalatmak, owkalatmak hem peýdalydyr hem-de ukyňy tutduragan bolýar. Ukusy tutmazak adamlar tä melul bolýança ýassyga tirseklenip, gözlerini ýumup, rahatlyk tapsalar, ýadasalar, erteki, rowaýatlar diňleseler, kitap okasalar ukusy gelegen bolýar. Şol wagt çyrany öçürseler, ukyňy almak üçin iň oňat pursatlar döreýär diýip alym belläp geçipdir.
Biziň şu günki günlerimizde bolsa Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň uky hakyndaky aýdanlarynyň üstüni şu aşakdaky ýazgylar ýetirýär.
Şol bir wagtda ýatmak we şol bir wagtda turmak peýdalydyr. Onda-da ir ýatyp, ir turmak has peýdalydyr. Agşamlyk nahary agyr, guraksy bolmaly däldir. Ol ýeňil bolmaly we ir iýilmelidir. Nahardan soň, ýatmazdan öň ýarym sagat arassa açyk howada gezmelemek peýdalydyr.
Agşam ýatmazdan öň bir käse ýyly suwa, bir çaý çemçesi ary balyny garyp, içilip ýatylsa, ukyňy gowy alarsyň ýa-da bir käse geçi süýdüni içip ýatmak hem peýdalydyr. Ýöne garaguşagyrysy bolanlara geçi süýdi zyýanlydyr. Ýatýan ýassygyňyz ýazyň guran meýdan otunyň samanyndan dykylyp ýasalan bolsa ýa-da, iň bolmanda, ýazyň bir gysym gury otuny ýatýan ýassygyňyzyň aşagynda goýup ýatmak hem örän peýdalydyr.
Ýatylýan otagyň penjireleri ýatmazdan öňürti açylyp, içeri ýelejiredilmelidir we soň ýapylyp garaňkyradylyp ýatylmalydyr. Ýatylýan otagda öý ösümlikleri ýa-da öý jandarlary bolmaly däldir, hatda ýatylýan öýde ýüz görülýän aýnada bolmasa gowudyr. Ýatmazdan öň el-ýüzi, dişleri ýuwmaklygy, aýaklary gyzgynjak suwa sokup oturmagy unutmaly däl. Ýatylmazdan öň gury çöregi oňat edip çeýnäp iýmek hem peýdalydyr.
Agşam ýatylandan soňra ýarygije turup, zerurlygy çykmasa, suw içmejek bolmaly, ýa-da diňe agzyňy çaýkap oňmaly.
Eger uklamak kyn bolsa elleriňiziň aýalaryny, süýem barmagyň ujuny we gulaklaryňyzy ýumşajyk owkalaň, başujuňyzda bir käse suw goýup ýatyň, ýöne ony içmäň diýip maslahat berýärler. Gaty düşek we gaty ýassykda ýatmak hem peýdalydyr, ýöne ol ýyly bolmalydyr. Gartaşan adamlar hökman kellesine ýeňiljek zatlardan tikilen ýörite geýim geýmelidirler ýa-da kellesini ýaglyk bilen daňyp ýatmalydyrlar. Aýaklary we burny üşetmeli däldirler.
Gaty beýik bolmadyk gaty ýassyk iki egniň uzynlygynda bolmaly. Şeýle düşekde ýatylanda boýun oňurgasy gönelýär, kellagyry, gulak, bokurdak, burun, göz, demgysma, mäz keselleriniň, peşewiň saklatmazlygy, iç gatama, sanjy, böwrek, bagyr, aşgazan keselleriniň bolmazlygyna, oňurgalaryň berk bolmagyna, kelle, gan aýlanyşygynyň kadaly bolmagyna kömek edýär. Emma ýumşak ýassyk ynsanyň boýun oňurgasynyň ýumşamagyna, gyşarmagyna getirýär, dem almany kynlaşdyrýar we ynsanyň agzynyň açyk halda uklap ýatmagyna sebäp bolýar diýip bellenilýär.
Aşa ajy çaý, kofe içmek, çilim çekmek hem uky üçin zyýanlydyr. Agşamlyk nahary aşa ýagly we etli ýa duzly bolmasa gowudyr. Ol sagat 17-18-den giç galman iýilse, peýdalydyr. Agşamlyk üçin gök önümler, ir-iýmişler iýilse gowudyr. Şeýle-de, oňat uky almak üçin 1 hyýar şiresine 1 nahar çemçesi möçberinde ary balyny garyp içmek örän gowy uky döredýär.
Ýüregi kemçilikli ynsanlar uky üçin hara çeken miwesiniň 2 nahar çemçesini oňat owradyp, 1,5 bulgur gaýnaga atyp, oňat demini aldyryp, süzüp, şol melhemligi üç bölege bölüp üç gezekde nahardan öň içmeli. Ol agyrylary aýryp, ukyny kadalaşdyrýar.
Uky üçin ýokary kaloriýaly melhemlik hem taýýarlanylýar. Onuň üçin 1 bulgur süle tohumyny ýa-da süle ýarmasyny 5 bulgur suwa atyp, tä suw ýarty bolýança gaýnatmaly. Soňra süzüp, 4 çaý çemçe ary balyny garyp, ýene biraz gaýnatmaly. Emele gelen melhemi günüň dowamynda 3 gezekde içmeli. Bu melhemlik ukusyzlyga, kesele garşy durmakda örän peýdalydyr.
Ýokardaky aýdylanlardan dogry netije çykarylyp, olar dogry we doly ýerine ýetirilse, onsoňam, melhemler lukmanlar bilen hökman maslahatlaşylyp peýdalanylsa, maksada laýyk bolar.
Bize ylym-bilim öwrenmäge, gadymy we häzirki zaman halk lukmançylygy bilen çuň gyzyklanmaga, türkmen topragynda ösýän melhemlik otlar bilen giňden tanyşmaga ýol açyp beren lukman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýäris.
Taýýarlan
Bäşim ÝUSUPDURDYÝEW.
«Maru — şahu jahan».