Öňki döwürleriň birinde bir adam durmuşyň manysynyň nämedigini bilmek isläpdir. Emma tapan jogaplarynyň hiç biri ony kanagatlandyrmandyr we ol gözlemegini dowam edipdir. Öz-özüni bu sowalyň hökman bir kanagatly jogabynyň bardygyna ynandyrypdyr. Soňra bolsa oba-oba aýlanyp, jogap gözlemäge başlapdyr.
Aýlanyp-aýlanyp, iň soňunda umydyny üzmäge başlapdyr welin, bir obada oňa baglyk ýerde ýeke özi ýaşaýan garryja bir dananyň jaýdar jogap berjekdigini aýdypdyrlar. Ol dananyň ýaşaýan öýüne gelip, özüni biynjalyk edýän sowalyny beripdir. Dana: «Saňa onuň jogabyny aýdaryn. Emma ilki sen bir synagdan geçmeli bolarsyň» diýip, onuň eline içi ýagly bir çemçe beripdir. Soňra bolsa: «Indi çyk we bagda aýlanyp gel. Ýöne dykgatly bol, çemçedäki ýag azalmasyn, eger bir damjasy hem azalsa ýitirersiň» diýýär.
Ol gözüni çemçeden aýyrman bagy aýlanyp gelýär. Dana ony gözden geçirip: «Çemçede ýag azalmandyr, ýöne bag nähilidi, owadandymy? » — diýip, sowal beripdir.
Adam geň galyp: «Men diňe çemçeden başga ýere seretmedim» diýipdir. Dana hem oňa: «Onda täzeden baga çyk we aýlanyp gel. Bagyň nähili owadandygyny gör, emma çemçe ýene-de eliňde bolsun» diýip sargapdyr. Ol adam ýene bagy aýlanypdyr. Bag şeýle bir owadan ekeni.
Yzyna gelende dana ondan: «Bag nähilidi?» diýip sorapdyr. Ýaňky adam dana gören ajaýyp bagy barada aýdyp beripdir. Dana ýylgyryp: «Emma çemçede hiç ýag galmandyr. Durmuş seniň seredişiň bilen many gazanýar. Ýa diňe bir nokady görersiň, durmuşyň akyp gider, sen düşünibem ýetişmersiň, ýa-da görüp biljek ähli ajaýyplygyň göni ortasynda ýaşarsyň we akyp giden wagtyň manyly geçer. Durmuşyň manysy seniň seredişiňe baglydyr» diýip jogap beripdir.
Taýýarlan: Gülnar BATYROWA,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
«Türkmen dünýäsi» gazeti. 24.08.2022ý.