Türkmençilikde çörek, duz, suw mukaddes hasap edilendir. Ony harlamak, zaýalamak, aýak astyna taşlamak gadagandyr. Hatda ýolda-yzda aýak astyna taşlanan çörek görülse, türkmen ony alyp, aýak basmaz ýaly ýere goýar. Bu hakda şeýle bir rowaýat bar. Gum içinde düýeli barýan bir adam düýäniň üstünde çörek iýip barýarka, onuň bir ownugyny ýere gaçyranmyş. Ol düýesini aňyrrakda daňyp, ownugyň gaçan ýerini näçe gözlese-de, ony tapmanmyş. Soň ol çöküp oturan düýäniň üstündäki ýükden elegi alyp, owuntygyň gaçan ýerindäki çägäni tutuş elekden geçirip, owuntygy tapanmyş we diňe şondan soň ýoluny dowam edenmiş.
Hawa, bu ýerde asyl mesele beýle bir wakanyň bolup-bolmazlygy däl, türkmeniň çörege goýýan hormatydyr.
Türkmen çöregiň saçakda galan bölek-büçeklerini, gatan gyralaryny, hatda köýen ýerlerini hem hapa taşlanýan çelege oklamaýar. Ony ýygnap goýýar, mümkin boldugyça iýmit üçin peýdalanýar. Heňläp zaýa bolan çöregi toplap, mally, it-guşly adamlara berýär.Umuman-a, çöregi maşgalanyň zaýalaman iýip biljek mukdarynda bişirýär ýa-da alýar. Asla, çöregiň bir döwümini hem isrip etmeýär. Sebäbi türkmen şerigatda isribiň haramdygyny bilýär.
Çöregi zyňmak, ýeke eliň bilen döwmek, saçagyň üstünde ýüzin (düňderlip) goýmagy hem halamaýar. Çörek saklaýan gap-gajyň üstünde oturmaýar.
Taýýarlan Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.