Oba arasynda üýşmeleňde, toý-tomaşada, söhbetdeşlikde az, ýöne uz gepleýändigi üçin märekede soňky söz Anna aganyňkydy. Köplenç, onuň agzyndan çykan söz birbada ters pikir ýaly bolup eşidilse-de, soň ol aýdylan gep her kesiň ýüregine jüňk bolaýardy.
Il arasynda şeýle gürrüň bar. Kimdir biri märekede oturanlara şum habar getirýär:
– Pylan baýyň pylan guýudaky sürüsine gurt ordasy darapdyr. Süriň üçden birini paýhynlap gidiberipdir, gyran degenler.
Her kim gynanjyny daşyna çykarýar. Biri başyny ýaýkaýar, ýene biri «juk-juk» edip, ahmyryny sözsüz beýan edýär. Habary eşitmedik ýaly bolup oturan bir adam bar, şondan soralsa, onuň üýtgeşik pikir aýtjagyny bilýän adamlaryň köpüsiniň gözi şonda. Ahyry oturanlaryň biri çydap oturyp bilmän:
– Anna baý, seniň sesiň çykmady-la? Sen ne diýýäň bu bolan ahwalata? – diýip, öz howsalasyny duýdurdy.
– Aý, süriň üçden biri elden giden bolsa, siz begeniň! Barysyny gyranam bolsa, bedasyllara etjek alajyň bolmaz.Galanyny aldyrmajak bolmaly.
«Süriň üçden biri gyrlan bolsa, munuň nämesine begenjek?» diýip, ilki kürtdürip duran adamlar soň ýuwaş-ýuwaşdan:
– Aý, hawwaýt, ol hajymelikler sürini durşuna pürreläp giden bolsa nätjekdiň? Anna baýyň aýdyşy ýaly, muňa-da şükür etmeli. Hudaýyň özi beterinden gorasyn...
Onsoň haýsy ýyl kimiň sürüsiniň «soňuna sogan ekilendigi», haçandyr bir mahal pylan baýyň müň baş dowarly sürüsiniň çopanynyň mallary gelegurtlara şam edip, taýagyny süýräp, oba sopbaş gelendigi baradaky gürrüň ýatlanar.
Ýa-da ýaňy daýhançylyga başlan ýigitleriň häli-şindi berýän sowallarynyň biri:
– Anna kaka, bu ýyl jöweniň hasyly gowy bolarmyka?
– Bu ýyl jöweniň hasyly bol bolar, inim! Gowy bolar.
– A gowy bolmasa?..
– Gowy bolmasa, ondanam gowy bolar.
– O nähili?
– Seňki bolmasa, jöweni bitgin bolanyňky has gymmat bolar-da...
– Aý, Anna kaka, nädýäň-aý!
– Meniň edýän zadym ýok-la. Özüňe seret. Eken zadyňa «hasyly gowy bolmaz» diýip betgüman bolup garaşsaň, dogrudanam, ol gowy bolmaz. «Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýendir könelerimiz.
– Bä-ä, şunyň-a dogry-how, Anna kaka! Biziň dilimizde serhet ýok bolarly. «Agzyňy haýra aç» diýsene...