Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli medeniýetimize, mirasymyza, taryhymyza aýratyn sarpa goýulýar. Halkymyzyň milli medeniýeti buýsanjymyzdyr. Olar halkymyzyň taryhynyň dürli sahypalarynda özüniň gaýtalanmajak öwüşgüni bilen şöhlelenýär. Halkymyzyň şöhratly taryhynyň şaýatlarynyň biri hem gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan Nusaý galalarydyr. Bu gadymygala dünýäniň medeni ösüşiniň gadymy ojaklarynyň biridir. Onuň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy eziz Diýarymyzyň örän gyzykly we gymmatly sahypalaryny kemala getirýär. Taryhy kitaplaryň sahypalaryndan orun alan Täze we Köne Nusaý galalary häzirki döwürde özüniň meşhurlygyny barha artdyrýar. Gözbaşyny has irki, has takygy antiki döwürlerden alyp gaýdýan Nusaý häzirki Aşgabat şäheriniň eteginde ýerleşip, gadymy döwürde Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «Nusaý 2013-nji ýylda Aşgabat şäheriniň düzümine girizilen Bagyr obasynyň töwereginde ýerleşýär. Ol biri-birinden birýarym kilometr uzaklykda ýerleşýän Köne Nusaý hem-de Täze Nusaý diýlip atlandyrylýan iki sany uly galalardan ybaratdyr. Olaryň aralygyndaky meýdany orta asyrlarda şäher eýeläpdir, häzir bolsa ol ýerler Bagyryň ýokary künjüdir» diýip belleýär.
Köne Nusaýyň harabaçylygynda 1930 — 1950-nji ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işleri ägirt uly binagärlik toplumyny ýüze çykardy. Onuň birinji bölegi köşge, ybadathana niýetlenipdir. Harabaçylygyň demirgazyk bölegindäki ikinji bölegi hazynadan, şerap saklanýan we hojalyk jaýlaryndan ybarat bolupdyr.
Dört ganatly we diwaryň düýbüne ýanaşdyrylyp bişen kerpiçden örülen sütünli hem-de ýokarsy agaç pürsler bilen ýapylan inedördül baýramçylyk zally (taraplary 20 metr) köşk — ybadathana toplumy uly gyzyklanma döredýär. Zalyň ikinji bölüminiň sütünleriniň arasynda toýundan ýasalyp, reňklenen adam boýundan hem beýik bolan (2,5 metr) heýkeller durupdyr.
Bu toplumda tegelek gümmezlenýän zally medeni bölüm hem tapawutlanýar. Munuň hem ikinji bölümi bir wagtlar heýkeller bilen bezelipdir. Bu ýerde ybadathananyň inedördül minarasynyň galyndysy hem bar, zal hem-de koridor tarapyndan saklanan ol minaranyň belentligi 15 metre ýetipdir. Harabaçylygyň demirgazyk böleginde oklary sütünli uzyn jaýlar bilen daşy gurşalan howluly inedördül öýüň üsti açyldy. Bu ýerde gymmatbaha zatlaryň saklanýan ägirt uly hazynasy bolupdyr.
Eger-de Köne Nusaý Parfiýa şalarynyň rezidensiýasy bolup hyzmat eden bolsa, onda onuň goňşulygyndaky Täze Nusaý şol döwrüň begleriniň ýaşaýyş jaýlarynyň we ybadathanalaryň ýerleşýän şäheri bolupdyr. Täze Nusaýyň töweregindäki obalary toýun palçykdan gurlan diwar gorapdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň birinji kitabynda: «Köne Nusaýyň belent gala diwarlarynyň gerşinden synlanyňda, Aşgabadyň täze ymaratlary, Gypjakdaky döwrebap metjidiň sudury mesaňa görünýär. Bu hem şeýlebir owadan görnüşi emele getirýär, Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna diňebir taryhy ýadygärlikler kategoriýasy boýunça däl-de, eýsem, «medeni landşaftlar» kategoriýasy boýunça-da girizilmegi ýöne ýere däldir» diýen sözleri Watanymyzyň taryhyna bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Jennet SOPYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň esasy terjimeçisi.