Mugallym (Oýlanma)

Men ony ilkinji gezek gulpaklyja gyzjagazka görüpdim. Şol görnüşinde hem göz öňümde galypdyr. Olaryň öýleri ortasy eýwanly, her tarapynda birnäçe otagy bolan giň jaýdy. Munuň diňe bir maşgalanyň ululygyndan hem däl, eýsem, eneleriniň aýal doganynyň şu öýde ýaşaýandygyna görä hem bolmagy mümkin.

Olar 10 dogandylar. Bu gyzjagaz bolsa maşgalada dokuzynjy çagady. Ondan soň ýene-de bir oglanjyk bardy. Gyzjagazyň ady Gülşirindi. Meniň ony bada-bat sulhum alypdy. Sebäbi, ol kiçijik hem bolsa, ilkinji göreniňden gowy täsir galdyrmagy başarýardy.

Öňem aýdyşym ýaly, bu öýde iki sany garry ene hem ýaşaýardy. Men olar bilen miras hakda gürleşmek üçin öýlerine barypdym. Şol garrylar hem bu maşgalanyň agzybirlik we rysgal sütüni bolup görünýärdi. Olaryň mähirli ýüzünden bu döwletli öýde çaga aýratyn mähir bilen garalýandygyny duýdum.

Ýyllar geçdi. Emma şol görnüş henizem göz öňümden gidenok. Edil düýn bolup geçen ýaly. Soňra men ony uniwersitete okuwa girende gördüm. Ol şonda bir gezek biziň öýümize gezmäge geldi. Men: «Şüý-ä tüýs bolaýdy. Ol edil mugallym bolmak üçin doglan ýaly ahyry» diýip, içimi gepletdim. Ol maksat tutmagy, oňa ýetmegi başarýan gyzdy. Özem mydama açyk ýüzlüdi. Zähmeti söýýärdi.

«Mugallym çagalary, dünýäni söýýär» diýleni dogry. Uniwersiteti gutaryp, birnäçe ýyl şäherdäki orta mekdepleriň birinde mugallym bolup işledi. Men gürrüň arasynda ýekeje gezek hem onuň zeýrenç gatyşykly gürlänini eşitmedim. Ol öz işini ýürekden söýýärdi. Çagalar bilen olaryň öz dilinde gürleşmegi başarýardy. Ol hakyky mugallym bolup ýetişdi. Geýnişi hem hakyky mugallymyňky ýalydy.

Soňra durmuşa çykyp, ene hökmünde aladasy artsa-da, öý hem mekdep durmuşyny sazlaşykly alyp gitmegi başarýardy. Şol sazlaşygy döredýän bolsa mähirdi. Ondaky mähir barha artýana meňzeýärdi. Şu hakda pikir edenimde: «Mähribanlyk hazynasy kime degişli bolsa, halypalyk hazynasy hem şoňa degişlidir» diýen söz ýadyma düşýär.

Dört-baş ýyllykda ol mugallymlary taýýarlaýan mekdebe işe geçdi. Men muny eşidip, diýseň begendim. Ol geljekki nesil terbiýeçilerine nusga bolup, olara çagalar bilen işleşmegiň göreldesini görkezip biljekdi.     

Bu gün dabarada Gülşirin Ýagmyrowa hem hormatlap söz berdiler. Ol baýdak ýaly parlap, Güneş ýaly mähir bilen nur saçyp, ýylgyryp durşuna şeýle diýdi:

— Mähriban talyplar! Bu gün siziň durmuşyňyzda iň ajaýyp günleriň biri. Biz bu gün täze okuw ýylyna uly höwes bilen başlaýarys. Her täze okuw ýyly manydan düzülen kitap ýalydyr. Biz onuň her gününde özümiziň Watanymyza, maşgalamyza, hünärimize bolan söýgimizi uly harplar bilen ýazýarys. Onuň üsti bilen alýan bilimimizi edep bilen özleşdirýäris. Ol bolsa size geljekde hakyky watançy hem terbiýeçi bolmak bagtyny peşgeş berer. Men siziň ähliňize şeýle bagty arzuw edýärin.

Bu sözleri diňläp durşuma olaryň tüýs ýürekden aýdylandygyna ynandym. «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýilýär. Şonuň üçin onuň sözleriniň diňlänleriň ählisiniň kalbyna ýetendigine pugta ynandym.

 

Aýjemal OMAROWA,

“Mugallymlar” gazeti,

12.09.2022 ý.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR