TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNDA BIJE ATMAGYŇ USULLARY

Haýsy elimde? Bil!

Oýny haýsy toparyň ilki başlamalydygyny kesgitlemek üçin ýolbaşçy iki toparyň öňbaşçysyny ýanyna çagyrýar. Ýolbaşçy iki öňbaşçynyň öňünde durup, eliniň aýasyny açyp öňe uzadýar. Soň ol bir eliniň aýasynda kiçiräjik bellik (şaý, monjuk, ilik, daş, kesek, çöp we ş.m.) goýup, eliniň aýasyny ýumýar we elini arkasyna geçirip, görkezmän, belligi elden-ele geçirip, ýumrugyny düwüp, öňe uzadýar we: «Haýsy elimde? Bil!»  – diýip ýüzlenýär. Öz islegi boýunça haýsy ilki elini uzadyp görkezse, bije atyldygy hasaplanýar. Bije atylanda ilki elini uzadyp görkezen öňbaşçy bilse, onda onuň topary oýny birinji başlaýar. Eger-de ol bijäniň ýolbaşçynyň haýsy elindedigini dogry bilmese, onda beýleki öňbaşçynyň topary oýny birinji başlaýar.

 

Çöp sogurmak

Ýolbaşçy eline 5 santimetrden uly bolmadyk iki sany çöp alyp, iki toparyň öňbaşçysyny ýanyna çagyrýar we olara çöpleri görkezip, biriniň ujuny döwüp, ony gysgaldýar. Soň ýolbaşçy elini arkasyna tutup, görkezmän, çöpleriň ýerini çalyşýar. Ol bir eliniň başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyndan çöpleriň deň ujuny çykaryp, uzadyp: «Çöpi sogurýar» diýýär. Haýsy öňbaşçy birinji çöpi sogursa, bije atyldygy hasaplanýar. Uzyn çöpi çykaran öňbaşçynyň topary oýny birinji başlaýar.

 

Dähedem – dessem

Iki toparyň öňbaşçysy islendik aralykda ýüzbe-ýüz durup, ýolbaşçynyň rugsady bilen biri-birine tarap dähedem-dessem edip baglaýarlar. Dähedem-dessemde aýagynyň ökjesini beýleki aýagynyň başam barmagyna degrip, hereket edýär. Haýsy öňbaşçynyň aýagy beýleki öňbaşçynyň aýagynyň burnuny bassa, şol öňbaşçynyň bijesiniň utdugy hasaplanýar we oýny birinji başlaýar.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR