2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda ,,Halkyň Arkadagly zamanasy“ ýylynda Tejen etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Tejen etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda Tejen etrabynyň Agalaň oba medeniýet öýünde Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabara etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler, kümüş saçly mährem eneler, il sylagly ýaşulylar gatnaşmagynda geçen bu dabara özboluşly täsirliligi bilen tapawutlandy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşen mähriban türkmen halkymyzyň her bir baýramçylyklary, toý baýramlary uly ruhubelentlik bilen belleýändigi, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan beýik işler hakynda buýsanç bilen çykyş etdiler we halkymyza bagtyýar durmuşy bagyş eden hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda etrap medeniýet işgärleri özleriniň taýýarlan baýramçylyk konsertini tomaşaçylara hödürlediler. Olaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren edebi sazly kompozisiýalary, folklor çykyşlary, wäşileriň degişme sahnalary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, agzybir halkymyzy gutladylar. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagy, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumlarynyň mundan beýläk hem rowaç almagyny dileg etdiler.
A.Aýdogdyýew
TMÝG-niň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.