SÖZLEÝIŞ EDEBINIŇ ÄHMIÝETI

Söz arassa bolsa, ynsan ýüregi ynsana aýan bolar. Şonuň üçin-de, ilki bilen, sözleýşiňi terbiýelemeli, oňa edep öwretmeli. — Söze edep bermegi bolsa, çagadan başlamaly. Ata-ene köplenç şadyýan, joşgunly sözleri aýdyşmaly. Özara degişmeli we gülkä gadyr goýmaly. Olar özlerini şu hili alyp barmagy çaga doglandan soň, ylaýta-da, çaga dil bitýän döwründe hem dowam etdirmeli we bu kadany gyşarnyksyz berjaý etmeli. Munuň özi çaganyň tiz gürläp başlamagy, diliniň, sözleýiş ukybynyň ösmegi we sözleri dogry aýdyp bilmegi, ýatkeş, ýiti zehinli bolmagy, söz manysyna tiz düşünmäge, tiz pikirlenmäge we pikirlenýän zady barada tiz netije çykarmaga ukyply bolmagy, gurşap alan daş-töweregi oňaýly kabul etmegi we oňa uýgunlaşmagy, adamkärçilik sypatlarynyň kemala gelmegi üçin möhümdir.

Sözleýşe edep bermegiň beýleki bir usuly bolsa nobat bilen söz sözlemekdir. Magtymguly Pyragy: «Akyl bolsaň, söz açmagyl, nobat berilmegem ýerde» diýip, jaýdar aýdyp geçipdir. Öz nobatyňda sözlemek sözleriň ýerli-ýerinde tertipli aýdylmagyny, söhbetdeşligiň düzgün-tertipli bolmagyny, özara pikir alyşmagyň elýeterliligini, özara hormat-sylagly gatnaşygy üpjün edýär.

Sözleýşe edep bermekde sözleri dogry-dürs aýtmak hem zerurdyr we sözleri manysy boýunça ýerbe-ýer goýup, sözlemi dogry düzmegi hem-de bezemegi (çeperçiligini) başarmakdyr. Dilewarlyk sungaty munuň aýdyň mysalydyr.

Sözleýşe duýgy gatyp sözlemek hem sözleýşe edep bermegiň bir usulydyr, başgaça aýdylanda, sözleýşe häsiýet berip, sözlemek usulydyr. Mylaýym, mähirli, şadyýan, ruhubelent, dostlukly, hoşniýetli, pespäl sypatlardaky sözler bilen sözlemek sözleýiş edebini ýokary derejä çykarýar. Magtymguly Pyragy: «Sözläbilseň ýagşy sözle» diýip, nesihat edýär.

Umuman, sözleýiş edebiniň saklanmagy şahsyýetde medeniýetliligi, adamkärçiligi, päk ahlaklylygy terbiýeleýär we adamyň ruhy kämilligini üpjün edýär. Bulary çagalara ýaşlykdan öwretmek bolsa her bir ene-ata bilen bir hatarda, olary okadýan mugallymlaryň-da borjudyr.

 

Annagözel NURLYÝEWA,

Serdar şäherindäki 5-nji orta

Mekdebiň mugallymy.

 “Mugallymlar” gazeti,

12.09.2022 ý.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR