“Maşgala näçe berk boldugyça, Jemgyýet hem şonça hemme taraplaýyn baýdyr”

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi, etrabyň 38-nji orta mekdebi bilen bilelikde okuwçy ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmaklarynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda agzybirligi gazanmak maksady bilen “Maşgala näçe berk boldugyça, Jemgyýet hem şonça hemme taraplaýyn baýdyr” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni N.Rahmedowa, etrabyň 38-nji orta mekdebiniň müdiri M.Abdykadyrowa, IÝG-niň işjeň agzasy A.Annaklyçew dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşynda maşgala mukaddesligi, maşgalada çaga berilýän terbiýe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesiller barada edýän aladalary, döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

M.Döwletow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň  Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar