“Maşgala näçe berk boldugyça, Jemgyýet hem şonça hemme taraplaýyn baýdyr”

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda  Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi, Saýat etrap Polisiýa bölümi bilen bilelikde Saýat etrabynyň 39-njy orta mekdebinde “Maşgala näçe berk boldugyça, Jemgyýet hem şonça hemme taraplaýyn baýdyr” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň  Magtymguly  adyndaky  Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň  hünärmeni Mätiýew Alym, Saýat etrap Polisiýa bölüminiň işgärleri we 39-njy orta mekdebiniň mugallymy çykyş etdiler.  Olar öz çykyşynda maşgala mukaddesligi, maşgalada çaga berilýän terbiýe, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesiller barada edýän aladalary, döredilip berilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 

G.Rejepowa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Saýat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar