2022-nji ýylyň sentýabr aýynyň 22-nde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşi, Halaç etrabynyň Garabekewül şäherinde ýerleşýän “Diýar” toý mekanynda edara-guramalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk-göwün ganatym” atly aýdym-sazly baramçylyk çäresi geçirildi. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gözel Amansähedowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Halaç etrap birleşmesiniň hünärmeni Babamyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň hünärmeni Aýgözel Rozyýewa,Türkmesnitanyň Demokratik partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy Guwanç Çaryýew, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31-ýyllyk baýramy mynasybetli öz ýürek buýsançlary bilen çykyş etdiler. Şeýle hem dabaranyň dowamynda etrap medeniýet öýüniň aýdym saz toparlary özleriniň, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän aýdymdyr tanslary bilen çykyşlary ýerine ýetirdiler.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
“Garaşsyzlyk-göwün ganatym”
23 Sentýabr 2022
6067
Meňzeş habarlar
10 Noýabr 2025
| 51 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
HASYL TOÝY – BEREKEDIŇ BAÝRAMY
07 Noýabr 2025
| 88 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR
03 Noýabr 2025
| 183 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>












