“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri hem kesellemezden öň, keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup keselleriň öňüni almak işleri ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan başlanýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasy şertleri bolsa tämiz howa, arassa agyz suwy, sagdyn iýmitlenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hem-de zyýanly endiklerden daşda durmakdan ybaratdyr. Ynsan saglygyna täsir edýän esasy zatlaryň biri hem gündelik ulalynýan agyz suwudyr . Türkmenistanyň raýatlarynyň içýän agyz suwlarynyň arassa bolmagy üçin gurulýan suw süýjediji desgalar diňe bir Aşgabat şäherinde däl, eýsem-de, ähli welaýat, etrap merkezlerinde hem gurulýar. Halkymyzyň ýokumly we kadaly iýmitlenmegi üçin bolsa ýurdymyzda azyk bolçulygy döredildi. Şäherlerimizde, welaýat ýa-da etrap merkezlerinde gurlan döwrebap bazarlarymyzda azyk harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy ugrunda hem döwlet derejesinde aladalar edilýär. Ynsan saglygy üçin örän peýdaly bolan gök-bakja önümlerinden gündelik peýdalanmak üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini hem bellemelidiris. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak adamlaryň saglygyny berkitýär, ömürlerini uzaldýar. Bedenterbiýe- umumy beden berkidiji we saglygy dikeldiji tebigy serişde bolup hyzmat edýär. Ir säher turup, arassa howada gezelenç etmek, ýeňiljek irki maşklary ýerine ýetirmek, kadaly iýmitlenmek, arassaçylyk ynsan saglygyna oňyn täsir edýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde bedenterbiýä we sporta uly üns berlip, ýurdymyzda gurulýan saglygy goraýyş we sport maksatly desgalaryň sany gün-günden artýar. Bu bolsa ýurdymyzda “Döwlet adam üçindir!”diýen baş ýörelgäniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Oguljan RAJAPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
ÝaşlarGuramasynyň Lebap welaýatynyň
Döwletli etrap Geňeşiniň guramaçylyk
Bölüminiň esasy hünärmeni.