Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap Geňeşi, etrap häkimliginiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen ýetip gelen Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli etrap medeniýet merkeziniň tomaşaçylar zalynda baýramçylyk çäresi ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň “Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip nygtaýşy ýaly Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän gününde täze taryhy döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meseleler girizilen çäreleri geçirip gelýäris, içeri we daşary syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meselelerine seredip, möhüm kararlary kabul edýäris. Baýramçylyk çäräniň başynda çykyş eden ýoldaşlar, gatnaşyjylary hem-de mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Soňra bolsa Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk toýy mynasybetli etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan edara-kärhanalarynda zähmetde tapawutlanan işgärlere hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Baýramçylyk güni mynasybetli etrap medeniýet bölüminiň sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanylan baýramçylyk çykyşy şatlyk şowhuna eýe boldy. Baýramçylyk çäresinde medeniýet bölüminiň sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, gazallardyr küştdepdiler tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.
TMÝG-niň Esenguly etrap
Geňeşiniň başlygy
Tagandurdy Tagandurdyýew