Taryhy ähmiýetli waka bagyşlandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň ählimiz Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzy okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde onuň halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolýarys. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny, onda içeri syýasatyň nähili üstünliklere beslenýändigine, halkymyzyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr. Jemgyýetimiziň aň düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegi hemme taraplaýyn höweslendirilýär. Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletiň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleý özgerdilmegi bilen  bir hatarda, durmuş ulgamynda hem möhüm üstünlikler gazanylýar. Olar adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.Bu geçirilen döwletli maslahatda hem möhüm çözgütler kabul edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek, gurmak bu günki ýaşlar üçin bagt we mertebedir. Goý, türkmen halkyny, bagtyýar ýaşlary abadan eşretli durmuşyň eýesi eden Gahryman Arkadagymyzyň dowamatyny dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

 

Oraz Mämmedow

TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni

 

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR