GADYMY DEHISTANYŇ ŞANLY TARYHY

Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen halkynyň milli taryhy-medeni gymmatlyklaryny we ýadygärliklerini ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby ýaşlarymyzda halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessuryna, beýik şahsyýetlerimize bolan sarpany, söýgini ösdürmekde terbiýeçilik gymmaty egsilmejek hazynadyr.

Gadymy döwürlerden bäri ulaglar we ýollar halklary ýakynlaşdyrýan esasy serişde bolup hyzmat edip gelýär. Türkmenistanyň häzirki çägi taryhdaky iň uly söwda ýolunyň - Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp geçelgeleriniň merkezine öwrülip, Günbatar bilen Gündogaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrypdyr.Beýik Ýüpek ýoly — munuň özi halklary we ýurtlary özara birikdiren, dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran ýoldur. Ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Änew, Merw, Altyndepe, Sarahs, Maşat-Misserian, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw», «Köneürgenç», «Nusaý» ýadygärlikleri türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan ägirt uly goşandydyr.Ol şäherleriň arasynda Dehistan hem aýratyn orny eýeleýär. Gadymy Dehistanyň biziň günlerimize gelip ýeten ýadygärlikleri Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda, Madaw obasyndan 22 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Geçmişde bu ýerde şähristanlylyk gülläp ösüpdir. Dehistana halk arasynda «Maşat-Misserian», «Maşat ata» hem diýilýär.Dehistan diňe bir-iki ýüz gektar meýdany tutýan orta asyrlaryň paýtagt şäheri bolman, eýsem, galalar ulgamyny we ownukly-irili obalaryň toplumyny özünde birleşdirýän gür ilatly tutuş welaýatdyr. Hazar deňziniň kenarynyň Köpetdagyň baýyrlaryna çenli uzalyp gidýän Günorta-Gündogar bölegi häzirki döwrüň geografiki kartalarynda Misserian düzlügi diýlip atlandyrylýar. Gadym zamanlarda Girkaniya ady bilen meşhur bolan bag-bakjaly uly oazis hem bolupdyr. Ol Demirgazyk Eýranyň Gürgen jülgesini özüne birleşdirýän giň medeni ulgamyň bir bölegi hasaplanypdyr. XX asyrda bu düzlük adamlar tarapyndan özleşdirilmändir, ýagny birmahallar ilatyň tutuşlygyna göçüp gideli bäri adam aýagyny sekmedik çölüstanlygyň topragy deslapky durkuny saklanyp galypdyr. Şeýlelikde, binagärlik sungatynyň, çylşyrymly suwaryş ulgamynyň, birmahalky özleşdirilen ekinzarlyklarynyň we bossanlyklarynyň taryhyny özünde jemleýän Dehistanyň düzi biziň günlerimize şol mes topragynyň bereketi bilen gelip ýetipdir.

Bu etraplarda suwarymly ekerançylyk işleri köp asyrlaryň dowamynda yzygiderli alnyp barlypdyr: arheologlar oba hojalyk işleriniň gözbaşyny bürünç asyryndan (biziň eýýamymyzdan ozalky II asyr) alyp gaýdýanlygyny we uzak wagtlyk — XVI asyra çenli dowam edenligini kesgitlediler. Biziň eýýamymyzdan ozalky I asyrda bu ady agzalýan oazis Uly Horezmiň tabynlygyna degişli ekeni. Soňra beýik Aleksandryň we onuň mirasdüşerleri Selewkidleriň döwründe grekleriň basyp alyşlaryny başdan geçirýär, parfiýalylaryň golastyndaky bolsa güýçli depginde gülläp ösýär. Gündogara agalyk etmek ugrunda Rim imperiýasy bilen elmydama bäsleşip gelen, öz döwründe çäksiz kuwwatly hasaplanan Parfiýa patyşalygynyň hökümdarlary Arşakidler - dahlaryň, ýagny sak-massaget taýpalaryndan gaýdýan gadymy milletiň nebereleridir. Ähtimal, bu ülkäniň ady hem şol dah sözünden gelip çykan bolsa gerek. Dogry, alymlar «Dehistan» sözüniň gelip çykyşyny başgaça hem düşündirýärler. Olaryň pikirine görä, gadymy şäheriň ady «deh» diýen pars sözi bilen baglanyşyklydyr. «Deh» sözi parsça oba, il diýmegi aňladýar, gönümel manysy bolsa «obalaryň ýurdy» diýmekdir. Sasanylaryň hökümdarlygy wagtynda bu künjeklere türkler aralaşyp ugraýar we eýran dünýäsinden Aleksandryň diwary diýlip atlandyrylan beýik seňňer arkaly bölünip aýrylýar. Bu seňňere başgaça Gyzylalaň hem diýýärler, ol baryp-ha parfiýalylaryň dolandyran zamanlarynda gurulýar. Gyzylalaň Gürgen derýasynyň akabasy boýunça 170 kilometre çenli uzap gidýär we Hazar deňziniň kenaryny Köpetdag bilen birleşdirýär. Beýik hytaý diwarynaky bapdaşlykda bu diwar birnäçe asyrlap Pars döwletiniň demirgazyk künjeklerini daşky hüjümlerden goramak wezipesini ýerine ýetirýär we bu töwereklere keseýerlileriň göçüp gelmegini gözegçilikde saklamagy üpjün edýär. XI asyrda we XII asyryň birinji ýarymynda Dehistan Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine girýär hem-de gülläp ösýän welaýatlaryň birine öwrülýär. Şol döwürlerde bu ýerde bişirilen kerpiçden ilkinji beýik ymaratlar salnyp başlanýar. Bu berk gurlan binalaryň galyndylary şu güne çenli saklanyp galypdyr. Şeýle hem senetgärçiligiň, ussaçylygyň dürli-dürli ugurlary giňden ýaýraýar. Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan ýüzüne her-hili nagyşlar çekilen toýundan ýasalan gap-gaçlar muny gönüden-göni tassyklaýar. Seljuklaryň imperiýasy dargan soň, Dehistan Horezmsoltanlygynyň birwelaýatyna öwrülýär. Gürgenç (häzirki Köneürgenç) şäheri Horezmiň şol wagtky paýtagty ekeni. Bu döwür Dehistanyň taryhynda şäher binagärligi babatda iň öňe gidişligiň gazanylan, meşhur ýadygärlikleriň gurlan wagtydyr.

Mälim bolşy ýaly, Dehistanda köpsanly kerwensaraýlar, medeni maksatly binalar, kitaphanalar, dürli senetçilik ussahanalary ýerleşýän köçeler bolupdyr. Şol ussahanalarda hem ilatyň hojalyk hajatlary üçin zerur bolan önümler taýýarlanypdyr. Iki sany beýik minaranyň, metjidiň, medresäniň, kerwensaraýlaryň, suw howuzlarynyň, başga-da birnäçe ymaratlaryň galyndylary bu günki güne çenli saklanyp galypdyr. Dehistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iri söwda merkezleriniň biri hem bolupdyr. Onuň gür ilatly ýer hökmünde tanalandygy barada taryhy çeşmelerde agzalýar. Dehistanyň uzaklardan seleňläp gömüp, täjirleri, alys ýoly söküp gelýän kerwenleri haýran galdyran ajaýyp minaralary hakynda X asyrly taryhçy Al-Makdisi özüniň ylmy işlerinde ýazýar.Şäher goranyş maksatly salnan halkalaýyn iki diwar bilen gurşalypdyr. Bu ýerde bişen kerpiçler diňe bir jemgyýetçilik desgalarynda däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlarynda-da giňden ulanylypdyr. Dehistanyň gadymy medeniýetiniň esasy aýratynlygy, küýze önümleriniň görnüşleri we olardaky reňklerdir. Küýzeleriň arasynda üç tagan aýakly ýalpak, köplenç halatlarda bolsa üsti açyk jüründikli gaplar duş gelýär. Gap-gaçlar esasan garamtyl, çal, gyzyl we ýer reňkinde bolup, olaryň hemmesi-de çarhyň kömegi bilen ýasalypdyr. Alymlar Dehistanyň Misserian düzlüginden peỳkamlaryñ bürünç uçlarynyñ, kiçiräk gylyç, aỳal şaỳ-sepleri, küỳze gap-gaçlary bişirmek üçin küreler gurlupdyr. Şäheriň ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr, arpa, bugdaý ýaly ak ekinleri ekip, gallanyň bol hasylyny öndüripdir.

1991-nji ýylda «Gadymy Dehistan» Döwlet taryhy-medeni goraghanasy döredildi. Dehistan bu gün hem dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar.

Külli türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, gadymy baý taryhyny,düýpli öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň ýol açýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 46 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 46 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 41 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR