Türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dikeltmek we dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak babatda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini ýaşlara düşündirmek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza söýgini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan beýik şahsyýetlerimiziň taryhy ýollaryny açyp görkezýän «Nusgalyk keşpler» atly şygar bilen terbiýeçilik ähmiýetli maslahat duşuşyklary hem-de gezelençleri geçirildi.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, halkymyz uzak taryhy döwrüň dowamynda milli gymmatlyklaryny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Bu gün milli däp-dessurlarymyza aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň däp-dessurlary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz milli mirasymyzy dünýä ýaýmaga, olar hakda guwanç bilen söz açmaga giň mümkinçilik döretdi. Munuň üçin Arkadagly Serdarymyza halkymyz bimöçber alkyş aýdýar.
Maslahata gatnaşanlar milli däp-dessurlarymyzy dikeldip, türkmeni dünýä tanadan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuw etdiler.