Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýratyn ileri tutulýan ugurlaryna salgylanyp aýdanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp nesillerini terbiýelemekde, Watanymyzyň, halkymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende götermekde gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kämil durmuş ýörelgelerimiziň, şöhratly geçmişimiziň tassyknamasy bolan taryhy gymmatlyklarymyzyň wajyp ähmiýeti bardyr. Munuň üstesine-de baý geçmiş taryhymyza, medeni mirasymyza dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi hem-de syýahatçylary barha uly gyzyklanmalar bildirýär. Bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzda geljegi nurana bolan syýahatçylyk pudagynyň depginli ösüşinde taryhy gymmatlyklarymyzyň mynasyp orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle mizemez durmuş hakykatyna sarpa goýýan Arkadagly Serdarymyzyň giň möçberli aladalary netijesinde bagtyýarlyk döwrümizde umumadamzat ösüşine gymmatly goşant goşan halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny ylmy taýdan düýpli öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň berk binýady goýuldy.
“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bu döwletli tutumlaryň täze üstünliklere beslenmegi guwandyryjydyr. Ýakynda taryhy öwrenijilerden, alymlardan, habar beriş serişdeleriniň wekillerinden, muzeý işgärlerinde ybarat toparyň welaýatymyzyň çäginde, ýagny Balkan dagynyň dürli künjeklerinde ýerleşýän taryhy gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaklary munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Olar ilki bilen Jebel şäherçesinden 4 kilometr töweregi gündogarda ýerleşýän “Jebel gowagy” diýlip atlandyrylýan taryhy-medeni ýadygärlikde boldular. Gowagyň agzynyň giňligi-9 m, daşyndan beýikligi 10 m bolup, ol uzynlygyna 7,5 m ýetip, soň iki şaha bölünýär hem-de şol çatryga çenli 4 m daralýar. Şahalaryň biri–4 m beýlekisi bolsa 1,2 me çenli gowagyň diwarynyň çuňlugyna gidýär. Diwarlaryň ýüzünden hek daşynyň owuntyklarynyň syrygan görnüşleriniň saklanan ýerleri bar. Olar gadymyýetde şol ýerlerden suw damjalarynyň akanlygyny aňladýar. Häzirki wagtda bu ýerde hiç-hili suw ýok. Girelgäniň daş ýüzünde uly we ýasy daşlar bar. Öň olar gowagyň agzynyň ýokarsyndan öňe çykyp durup soň wagtyň geçmegi bilen aşak ýere gaçan bolmaly. Gowagyň pol-düşegi girelgeden başlap kem-kemden düýbe tarap beýgelip gidýär.
Bu ýerde ylmy barlag işleri ilkinji gezek 1947-nji ýylda geçirilýär. Ýadygärlik gadymy daş (paleolit) asyrynyň mezolit döwrüne (12-10 müňýyllyklara) degişli hasap edilýär. Alymlaryň çaklamalaryna görä, şol zamanlarda buzluk döwri tamamlanyp, yssy-gurak klimat agdyklyk edip ugraýar. Netijede, öňki awlanylýan haýwanlar, şeýle-de ösümlikler köpçülikleýin ýok bolýar. Adamlar şol döwürde aw awlamak üçin ok-ýaý ýasamagy, aw itlerini hem-de şol döwürde ýabany bolan haýwanlary (geçi, goýun) eldekileşdirmegi öwrenipdirler. Mezolit döwrüniň şunuň ýaly hakykatlaryna şaýatlyk edýän maddy tapyndylar “Jebel gowagynda” hem duş gelýär. Bu ýerde gazuw-agtaryş işleri geçirilende gazawaç görnüşli daşdan ýasalan gural, owunjak süňkler, gyralary kesilip, oýulyp bezelen pyşbaga süňküniň döwükleri tapylypdyr.
Dam-Dam çeşme 1 we 2 atlandyrylan ýadygärlik-gowaklar bolsa Balkanabat şäherinden 7 kilometr demirgazyk-gündogarda Balkan dagynyň güneý tarapyndaky köpsanly dereleriň birinde ýerleşýär. Bu gowaklarda ilkinji geçirilen barlag işleri 1942, 1943 we 1947-nji ýyllara degişlidir. Arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýadygärlik-gowaklardan tapylan köpsanly medeni galyndylaryň köpüsi daşdan ýasalan gurallardan, şeýle-de gyzylymtyl reňke eýe bolan gadymy ojak külleri bilen bagly süňkleriň galyndylaryndan ybarat bolupdyr. Bulardan başga-da balykgulaklaryň döwükleri, ýanan süňkler, jereniň äň süňkleri tapylypdyr. Bir tarapy ýiteldilen daş gurallaryň birnäçesi, gurallary ýasamak üçin taýýarlanylan daşlar (nukleuslar) ýüze çykarylypdyr. Gowagyň daş ýüzünde işlenilip bejerilen çakmak daşlarynyň, keramikanyň, omuň syrçalanan görnüşiniň, giçki döwre degişli bolan iki sany daşdan ýasalan gaplaryň bölekleriniň tapylmagam ünsi çekerlikdir.
Türkmen topragynyň şunuň ýaly täsin geçmiş taryhynyň dünýäniň jahankeşdeleriniň aýratyn ünsüni çekjekdigi guwandyryjydyr. Munuň bolsa taryhy gymmatlyklarymyzyň milli syýahatçylyk pudagynyň depginli ösüşine netijeli itergiler berjekdigi düşnüklidir. Toparyň agzalary geçmiş taryhymyzy öwrenip, ony dünýä ýaýmakda ähli tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtýarlar.